19-njy oktýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda gadymy hindi baýramy bolan Diwali baýramyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.
Däp boly ýaly, Diwali her ýyl güýz paslynda bellenýär. Bu baýram ýagtylygyň garaňkylykdan, ýagşylygyň ýamanlykdan we hakykatyň ýalandan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Hindistanda bu baýramçylyk günlerinde şem we çyralar bilen öýler bezelýär.
Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Aşgabatda ýaşaýan hindiler, metbugat işgärleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde eden çykyşynda Hindistanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly iki ýurduň arasyndaky düýpli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine we medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bandaru Wilsonbabu Hindistan bilen Türkmenistany gadymy medeni gatnaşyklaryň we berk dostluk baglarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şol nukdaýnazardan, diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Hytaýyň Týanszin şäherinde ŞHG-niň sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyny ýatlap geçdi. Ilçi şeýle hem Hindistanyň Türkmenistana «giň goňşulyk» düşünjesiniň esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny we ýurduň ähli ugurlarda, şol sanda sebitleýin we bütindünýä meselelerde-de gazanan möhüm ösüşine ýokary baha berýändigini belledi.
Hindi aýdymlarynyň aýdylmagy we tanslarynyň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Ýerine ýetiren aýdymlaryň arasynda meşhur çeper filmlerden bölekleriň hem bolmagy çykyşlaryň täsirini has-da artdyrdy.