ABŞ-da dogluş derejesi 2024-nji ýylda iň pes derejä düşüp, her zenana 1,6 çaga düşdi. “Associated Press” agentliginiň maglumatynda ABŞ-da çaga dogurmak derejesi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri azalýandygy, sebäbi köp zenanyň çaga dogurmagy soňa goýýandygy bellenilýär.
1960-njy ýyllaryň başynda ýurtda her bir aýala ortaça 3,5 bäbek düşýärdi. Ýöne 1976-njy ýyla çenli 1,7-e çenli azaldy. 2007-nji ýylda 2,1-e çykdy, soňra bolsa ýene-de peselip başlady. Ýurduň Milli saglyk statistika merkeziniň maglumatlaryna görä, ol 2023-nji ýylda 1,6 bolup, 2024-nji ýylda 1,6-a düşdi.