Bedene zerur bolan iýmitleriň ýeterlik mukdarda, kadaly ýagdaýda kabul edilmegi dogry iýmitlenmegiň kadasy hasaplanýar. Dogry iýmitlenmek bedeniň agramynyň deňagramly saklanmagy, immunitetiň güýçli bolmagy we umumy saglyk ýagdaýy üçin zerurdyr. Dogry iýmitlenmek tebigy iýmitleriň iýilmegi, wagtly-wagtynda iýip-içmek bilen hem bagly bolup durýar. Munuň üçin dürli görnüşli iýmitler, iýmitleniş tertibi hem zerurdyr. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, esasan, gaýtadan işlenen taýýar iýmit önümlerinden gaça durmak, antioksidantlara baý iýmitleri iýmek has peýdalydyr. Iýmit sanawynda witaminlere we mineral maddalara baý iýmitleriň bolmagy bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Her günde esasy 5 iýmit – et, süýt, gök önüm, miwe, ýag we däneli önüm bolmaly. Her günde ýeterlik mukdarda suw içmek hem zerurdyr. Bu adamyň ýaşyna, bedeniniň agramyna, howanyň ýagdaýyna, iş şertine görä üýtgäp bilýär. Köp adam howanyň sowuk günlerinde suw içmeýär. Emma bedeniň ýeterlik mukdarda suwuklyk kabul etmegi sagdyn bolmagyna, teniniň juwan görünmegine hem ýardam edýär. Düzüminde beden üçin zerur bolan antioksidantlar, A we C witaminleri saklaýan iýmitler hem iýmit sanawyna girizilmeli. Bu witaminler ter miwe we gök önümlerde, balykda, hozda we süýt önümlerinde bolýar.
Temmäki önümlerinden we spirtli içgilerden gaça durmak hem adam saglygy üçin ähmiýetlidir. Saglyk bilen bagly dürli nähoşluklara temmäki önümleri we spirtli içgiler sebäp bolýar.

Göwher Öwezowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.