Ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de dok­ma se­na­ga­ty­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, bu ugur­da tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry gu­rul­ýar, do­lan­dy­ryş we mar­ke­ting kä­mil­leş­di­ri­lip, önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy usul­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň dok­ma önüm­le­ri­niň içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­mak bi­len, mil­li işe­wür­le­ri­mi­ziň dün­ýä ba­za­ryn­da ýo­ka­ry hil­li önüm ön­dü­ri­ji­ler hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ze­rur bo­lan ýer­li çig mal, ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­ler bi­len üp­jün­çi­lik, ön­dü­ri­len ha­ry­dy ba­zar­la­ra çy­kar­mak üçin ulag-lo­gis­ti­ka dü­züm­le­ri hem-de içer­ki we da­şa­ry ba­zar­lar bar. Şeý­le-de te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri­miz go­wa­ça­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek­de çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýän or­ta hem-de in­çe sü­ýüm­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin oňaý­ly­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, pu­da­gyň kär­ha­na­la­ryn­da­ky önüm­çi­lik-teh­ni­ki bin­ýa­dy yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­mak we içer­ki te­bi­gy çeş­me­le­riň esa­syn­da in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma iş­le­ni­lip taý­ýar­lan­dy. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, gys­ga döw­re ni­ýet­le­nen 2026-njy ýyl üçin ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mä­ge, tä­ze­çe usul­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga ýa­kyn­dan ýar­dam eder. Bu mak­sat­na­ma­lar amat­ly ba­ha­dan we ýo­ka­ry hil­li içer­ki önüm­le­riň köp­san­ly gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­niň ha­sa­by­na da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma pu­da­gyn­da bar bo­lan kär­ha­na­la­ryň tä­ze­den en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.
Da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­lar we hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­la­ry bi­len al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­rynyň gat­naş­ma­gyn­da döw­re­bap dok­ma top­lum­la­ry­nyň 13-si bolup, o­lar­da hal­ka­ra hil stan­dart­la­ry­na, me­nej­ment we mar­ke­ting ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän önüm­çi­lik­ler ýo­la go­ýul­dy. Pu­da­gyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, iň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan döw­re­bap dok­ma top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Des­ga­lar­da eg­ri­ji, dok­ma­çy­lyk, reňk be­ri­ji we ti­kin­çi­lik önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­lar. Çig mal hök­mün­de ýurdumyz­da ýe­tiş­di­ri­len in­çe sü­ýüm­li pag­ta peý­da­la­nyl­ýar.
Pu­da­ga gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­lar di­ňe bir bar bo­lan kuw­wat­lyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne däl-de, eý­sem, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri ön­dür­ýän tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne hem ýar­dam ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dok­ma pu­da­gy­nyň dür­li göw­rüm­li önüm­çi­lik­le­ri­ne dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­dyr en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Rie­ter», «Ben­nin­ger», Ger­ma­ni­ýa­nyň «Trützschler», «Schlaf­horst», «Zin­ser», «Mon­forts», «Küs­ters», Ita­li­ýa­nyň «Mar­zo­li», «Ma­rio Cros­ta», «Reg­gia­ni», «Su­sie Ario­li», «Savio», Ýa­po­ni­ýa­nyň «Tsu­da­ko­ma», «Ju­ki», «Mu­ra­tec», Bel­gi­ýa­nyň «Picanol» ýa­ly öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hal­ka­ra hil öl­çeg­le­ri­ne hem-de eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­mek ze­rur­dyr. Şun­dan ugur alyp, pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri önüm­çi­li­gi do­lan­dy­ryş we hil gö­zeg­çi­lik ul­ga­my­nyň ISO 9001, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň ISO 14001, zäh­me­ti go­ra­ma­gyň we önüm­çi­lik howp­suz­ly­gy­nyň OH­SAS 18001 gü­wä­na­ma­la­ry bi­len ser­ti­fi­kat­laş­dy­ry­lan­dyr. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi top­lu­myň äh­li dü­züm­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gik en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan döw­re­bap kär­ha­na­lar dö­re­di­lip, öň­ki he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ky tä­ze­le­nil­di we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­di. Şeý­le öz­gert­me­ler­den ro­waç­lan­ýan iri dok­ma top­lum­la­ry­dyr kär­ha­na­la­ry, pag­ta eg­ri­ji we ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri, pi­lä­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de aýak­gap ön­dür­ýän kär­ha­na­lar eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa çig mal­dan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dü­rip, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar. Bu ugur­da­ky me­se­le­le­re oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­me­ler, ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li ba­ha­ly ýer­li ha­ryt­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni düýp­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­men di­zaý­ner­le­ri içer­ki mil­li ba­zar­la­ry­my­zyň is­leg­le­ri­ni öw­re­nip, ila­tyň möw­süm­le­ýin is­leg­le­ri­ni na­za­ra alyp, dün­ýä mo­da­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän döw­re­bap ly­bas­la­ry­dyr beý­le­ki ha­ryt­la­ry taý­ýar­la­ýar­lar we önüm­çi­li­ge gi­riz­ýär­ler.
Di­ýa­ry­myz­da dok­ma önüm­çi­li­gi­niň bat­ly dep­gin­de ös­dü­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da, öz­baş­dak mo­da se­na­ga­ty hem ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň me­de­ni mer­kez­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Aş­ga­bat­da ösen mo­da ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan ly­bas­lar top­lum­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Mil­li çe­per­çi­lik, ama­ly-ha­şam däp­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän mil­li mo­da hem-de di­zaýn mek­de­bi ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Aş­ga­ba­dyň «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝU­NES­KO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­me­gi paý­tag­ty­my­zyň se­bi­tiň me­de­ni­ýet, sun­gat we gö­zel­lik mer­ke­zi hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny bar­ha ber­kid­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Paýtagtymyzda Ita­li­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Ni­der­land­la­ryň, Sin­ga­pu­ryň, Hin­dis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň dün­ýä bel­li di­zaý­ner­le­ri­niň taý­ýar­lan tä­ze ly­bas­lar top­lum­la­ry­nyň gör­ke­zi­liş­le­ri hem yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, yna­my ber­ka­rar et­mek bi­len bir ha­tar­da me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň hem nus­ga­lyk mek­de­bi­ni hal­ka­ra de­re­je­si­ne çy­kar­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­lar­ynda ça­ga­lar we ulu­lar üçin egin-eşik­ler, şol san­da ýo­ka­ry hil­li ör­me we jin­si önüm­le­ri, ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, ýor­gan-dü­şek daş­lyk­la­ry, çal­gyç­lar, pan­bar­hat ma­ta­la­ry we beý­le­ki ha­ryt­lar ön­dü­ril­ýär. «Be­dew», «Ga­la», «Bür­güt», «Ýe­ňiş», «Ba­har», «Go­za», «Nu­saý», «Wa­da», «Ak pa­myk», «Ar­wa­na», «Mä­ne», «Jeý­tun» ýa­ly ha­ryt ny­şan­la­ry bi­len ön­dü­ril­ýän önümler ýur­du­my­zyň mil­li ba­zar­la­ryn­da we dün­ýä ba­za­ryn­da aly­jy­la­ryň my­na­syp is­leg­le­rin­den peý­da­lan­ýar.
Ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Ga­za­gys­tan­da, Be­la­rus Res­pub­li­ka­syn­da, Öz­be­gis­tan­da, Tä­ji­gis­tan­da, Ko­re­ýa­da, Tür­ki­ýe­de, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar üçin ta­nyş­dy­ryş sa­par­la­ry we ser­gi­le­r gu­ral­mak bi­len, şol çä­re­le­riň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­la­ra gol çe­kil­ýär. Dok­ma önüm­le­ri­ni bir­ža söw­da­la­ry­nyň, söw­da öý­le­ri­niň we elekt­ron dü­kan­la­ry­nyň üs­ti bi­len ýer­le­mek tej­ri­be­si ýo­la go­ýul­dy.
Ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gy­ny ös­dür­mek, in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry pu­daga or­naş­dyr­mak, adam ma­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni we iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek ba­bat­da ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de mil­li hem-de da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýu­jy­la­ry­ny çek­me­giň döw­re­bap me­ha­niz­mi­ni dö­ret­mek ar­ka­ly pu­dak­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­me­giň tä­ze çeş­me­le­ri­niň üs­tün­de yzy­gi­der­li iş­le­nil­ýär we ýü­ze çy­ka­ryl­ýar.
Mah­la­sy, tä­ze dö­wür­de ýurt­da dok­ma se­na­ga­ty­ny kä­mil­leş­dir­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn usu­lyň ula­nyl­ma­gy, yk­dy­sa­dy ösü­şiň ga­za­nyl­ma­gy­ny, döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li ug­ru­nyň saý­la­nyl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.

Ymamguly Rejepow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy,
Oguljeren ŞARAFOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.