Hindistanyň Kerala ştatynyň Koçin halkara aeroportynda sarp edilýän elektrik energiýasy dolulygyna Gün panelleri arkaly öndürilýär. Howa menzili bu ugurda dünýäde ilkinji aeroport boldy. Ýurduň iň köp halkara gatnawly dördünji howa menzili bolan desganyň üçeginde 2015-nji ýylda ilkinji Gün paneli oturdylypdyr. 2015-nji ýylda bolsa, onuň has giňeldilmegi we giň meýdanda oturdylmagy üçin taýýarlanan taslama durmuşa geçirilip başlanypdyr. Howa menziliniň ýük bölümi toplumynyň golaýyndaky meýdana 46 müň 150 Gün paneli oturdylypdyr. Bu paneller howa menzilinde sarp edilýän elektrik energiýasyny dolulygyna üpjün etmäge ýetýär. Şeýlelikde bu aeroport awiasiýa taryhynda ilkinji gezek dolulygyna arassa energiýadan peýdalanýan howa menzili boldy.