“Counterpoint Research” marketing-barlag şereketiniň maglumatlaryna görä, “iPhone” smartfonlarynyň satuwy Hytaýda görnetin ýokarlanypdyr. Bu smartfonlaryň soňky iki aýda Hytaýda satylan dört telefondan birini emele getirendigi mälim edildi. Oktýabr aýyna degişli maglumatlara görä, “iPhone”-yň satuwy bu ýurtda rekord derejä ýetipdir. Ýylyň oktýabr aýynda sentýabr aýyndaky bilen deňeşdirilende, beýleki öndürijileriň satuwy birneme peselen bolsa, “Apple”-iň satuwy 21 göterim ýokarlanypdyr. Şeýle-de bolsa, geçen ýyldakydan 15 göterim az telefon satylypdyr. Bu görkeziji “Apple” enjamlarynda 4 göterim pes bolupdyr. Hytaýly müşderileriň “iPhone 14” seriýasynyň “Pro” we “Pro Max” modellerine has köp isleg bildirendiklerini görmek bolýar. “iPhone 13” hem müşderileriň köp alýan modelleri bolupdyr.
Atamyrat Serdarow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









