Ýurdumyzda her ýylyň 18-¬nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary häzirki döwürde Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abadançylyk – türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinde çykyş edip duran, Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk pursatlaryna degişli fotosuratlar görkezilýär.
Sergide sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserlerine has köp orun berilýär. Türkmen zergärleriniň elinden çykan zergärçilik eserleriň many-mazmuny serginiň temasyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Kümüşden, altyn çaýylan we gymmatly daşlar bilen bezelen bu eserlerde Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary, Türkmenistanyň kartasy, türkmen milliligini alamatlandyrýan haly gölleri, simwoliki manyda gurlan binalar hem-de monumentler oýma, guýma usullarda inçeden nepis edilip ýasalypdyr. Sergide bulardan başga-da hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli soňky ýyllarda çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar görkezilýär.
Çeşme: medeniyet.gov.tm