Dünýä medeniýetinde möhüm orun eýeleýän türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä nusgalyk ruhy mirasy bar. Häzirki täze döwür türkmen medeniýetiniň galkynan, täze sepgitlere, ruhy ösüşe, halkara giňişliginde belent at-abraýa eýe bolýan ajaýyp zamanasydyr. Halkymyzyň taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan edebi hem ruhy gymmatlyklaryny täzeden dikeltmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy döwrebap röwüşde baýlaşdyrmak we çuňňur öwrenmek ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň hem-de sungat işgärleriniň öňündäki iň derwaýys wezipeleriň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, medeniýetde, sungatda, edebiýatda yz goýan meşhur şahsyýetlerimizi giňden öwrenmek hem-de olaryň döredijiligini wagyz etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň baý edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, akyldar hem-de pelsepeçi şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kyblasy Döwletmämmet Azadydyr. Azadynyň edebi mirasy giňden öwrenilýär. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli ylmy-döredijilik maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
XVIII asyryň görnükli şahyry Döwletmämmet Azadynyň döreden «Wagzy-Azat» eserinde ahlak terbiýesine degişli örän ýerlikli pikirler öňe sürülýär. Bu poema Azadynyň döredijiliginiň naýbaşy bolmak bilen, bütin türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynyň hem ägirt uly eserleriniň biridir.
Azady adamlaryň bilimli bolmagyny isleýär. Ylym öwrenenleriň bolsa ussadyny, mugallymyny hormatlamalydygyny aýdýar. Gürrüňleşilip durlan wagty, ussadyň sözüni bölmeli däldigini, mugallymy eziz görmelidigini, onuň sarpasyny belent tutmagy şahyr çuň manyly sözleri bilen belleýär.
Azady hemişe halkyň jümmüşinde ýaşap, hemişe halkyň hyzmatynda bolupdyr. Şonuň üçin halk şahyry tüýs ýürekden söýüpdir, ony goldapdyr. Döwletmämmet Azada baha berip, rus alymy A.Samoýlowiç: «Türkmenleriň arasynda Magtymgulynyň atasynyň mertebesinde goýar ýaly bir alym adam hem ýokdur» diýip, örän jaýdar belleýär.
Şahyryň türkmen nusgawy edebiýatynyň, filosofik we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüş taryhynda bitiren hyzmatlary diňe şular bilen çäklenmeýär. Ol türkmen şahyrlarynyň kemala gelmegine hem öz täsirini ýetiripdir. Ogly Magtymgulynyň, ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň, ussat şahyr bolup ýetişmeklerinde onuň ýakyndan alada edendigini bellemek bolar.
Amansoltan MEREDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.