Birleşen Arap Emirlikleriniň iki uly şäheri – Dubaý we Abu-Dabi gurply adamlar üçin iň özüne çekiji 5 ýurduň hataryna girdi. Bu barada “Savills Middle East” konsalting kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Dubaý sanawda birinji orunda, Abu-Dabi bolsa bäşinji orunda durýar.
Nýu-Ýork we Singapur ikinji we üçünji orunlary, Gonkong bolsa dördünji orny eýeledi. Monako, Los-Anjeles, Maýami, Aspen we London hem ilkinji onluga girdi. Reýtingi düzmek üçin dünýäniň tas 100 şäheri iş gurşawy, maşgala üçin infrastrukturasy, çykdajylar, mirasy meýilnamalaşdyrmak, ýaşaýyşyň hili we şahsy durmuşyň goraglylygy ýaly ölçegler esasynda seljerildi.
PDF









