Şä­her ila­ty­nyň art­ma­gy, ho­wa­nyň ozal­ky ýyl­lar­dan has ma­ýyl bol­ma­gy dün­ýä­de suw ýet­mez­çi­li­gi me­se­le­si­ni ýü­ze çy­kar­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, su­wuň gaý­ta­dan aras­sa­la­nyp ula­nyl­ma­gy­na üns be­ril­ýär. Adat­ça iri şä­her­ler­de ula­ny­lan suw aras­sa­la­nyp, ýa deň­ze, der­ýa gu­ýul­ýar, ýa-da oba ho­ja­ly­gyn­da, kom­mu­nal hyz­mat­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. Du­baý şä­her hä­kim­li­gi bol­sa, 2030-njy ýy­la çen­li do­ly gaý­ta­dan iş­le­nen suw üp­jün­çi­li­gi­ne geç­me­gi hem-de oňa sarp edil­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny 30 gö­te­ri­me çen­li azalt­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Su­wy gaý­ta­dan iş­le­mek tas­la­ma­sy Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly me­ýil­na­ma­sy­ny gol­da­ýar. Su­wy gaý­ta­dan iş­le­mek tas­la­ma­sy mö­hüm te­bi­gy baý­lyk­la­ryň go­ral­ma­gy­na, ener­gi­ýa­nyň tyg­şyt­lan­ma­gy­na we ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň azal­ma­gy­na ýar­dam eder.
Du­baý şä­her hä­kim­li­gi­niň baş di­rek­to­ry Da­ud Al Ha­ji­niň söz­le­ri­ne gö­rä, hö­kü­me­tiň su­wy tyg­şyt­la­ma­gyň gel­jek­ki ne­sil­ler üçin äh­mi­ýe­ti­ni köp­den bä­ri bel­läp gel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da su­wy gaý­ta­dan iş­le­mek tas­la­ma­sy Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň glo­bal «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­niň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky ýurt­da süý­ji suw­ly der­ýa­nyň bol­maz­ly­gy su­wuň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hä­zir­ki wagt­da Du­baý­da su­wuň 90 gö­te­ri­mi gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Ne­ti­je­de, ýyl­da 2 mil­liard dir­hem tyg­şat­lan­ýar.