Dubaýyň merkezinde “Inaura” atly gökdiräni gurmak meýilleşdirilýär. Binanyň esasy aýratynlygy, onuň ýokarky gatlarynyň arasynda ýerleşjek, gymmat bahaly daşa meňzeýän ýagty saçýan şar bolar. Şaryň içinde “Sky Lounge” dynç alyş zolagy, onuň daşynda bolsa klub meýdançasy ýerleşer.
Gökdiräniň beýikligi 210 metr bolar. Binanyň gyrasy tutuşlygyna balkonly bolup, saldamly gönüburçly aýna fasada eýe bolar. Täze binany meşhur Burj Halifa diňinden hem görmek mümkin bolar.
“Inaura” binasynyň içki meýdanynyň uly bölegi şulardan ybarat bolar: 101 otaglyk myhmanhana; 105 sany apartament, şol sanda 9 sany kaşaň “Sky Villas” (“Asman villalary”) we jemgyýetçilik zolaklary.
Binanyň aşaky böleginde (stilobatda) lobbi, restoran we üç gatly fitnes merkezi ýerleşer. Üçekde bolsa basseýn we spa toplumy gurlar.
Bu adaty bolmadyk taslamanyň awtory Niderlandlaryň MVRDV binagärlik býurosydyr. Gurluşyk işlerini bolsa “Dewan Architects + Engineers” kompaniýasy amala aşyrar. Taslamanyň haçan tamamlanjakdygy baradaky möhletler häzirlikçe mälim däl.
PDF









