10-njy aprelde Aşgabatda dünýä belli ajaýyp sazlar ýaňlanar. Fransuz pianinoçy Kristin Fonlupt ilkinji gezek Magtymguly adyndaky Milli saz we drama teatrynyň sahnasynda çykyş eder.
Bu saz agşamy ýurdumyzdaky Fransuz instituty tarapyndan her ýyl geçirilýän we şu ýyldaky “Frankofoniýa – 2026” maksatnamasynyň çäginde guralýar. Şeýle-de, konsert bu meşhur sungat işgäriniň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan tur çykyşlarynyň bir bölegidir.
Kristin Fonlupt çykyşyny Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirer. Olar bilelikde diňleýjilere Ýewropanyň nusgawy eserlerini hödürleýärler. Konsert maksatnamasynda Klod Debýussiniň, Moris Raweliň we Jorjes Bizetiň, şeýle hem Sesil Şaminadyň we Mela Boniniň undulmajak ajaýyp eserleri bar.
Konsert sagat 19:00-da başlaýar.
PDF









