Häzirki wagtda Italiýanyň Wenesiýa şäherinde adybir film festiwaly geçirilýär. Bu film festiwalynda ýeňijilere şäheriň simwoly hasaplanýan, uzak ýyllardan bäri Keramatly Mark meýdançasyny bezeýän ganatly ýolbarsyň heýkeliniň kiçijik nusgasy gowşurylýar. Geçirilen barlagda “Wenesiýa ýolbarsynyň” Hytaýda ýasalandygy, soňra bolsa Beýik Ýüpek ýoly bilen Ýewropa eltilendigini ýüze çykaryldy. Bürünçden ýasalan heýkel 700 ýyldan gowrak wagtdan bäri şäheriň merkezini bezeýär. Bu sungat eseri Wenesiýadan 9 müň 650 kilometre çemesi uzakda ýasalypdyr. Agramy 3 tonna barabar bolan heýkeliň Hytaýyň Ýanszy derýasynyň aşaky akymyndaky basseýninden çykarylan misden guýlandygy anyklandy. Heýkel ýasalanda, Mesopotamiýa we pars grifonlaryndan (şirdal) däl-de, Tan dinastiýasyna degişli “aramgäh goraýjylaryndan” (zhènmùshòu) ylham alnyp döredilendigi bellenildi.
Padua uniwersitetinden doktor Massimo Widale “Wenesiýa syrlardan doly şäher, emma olaryň biriniň üsti açyldy. Keramatly Markyň Ýolbarsy Hytaýda ýasalan we Ýüpek Ýolundan geçdi” diýip belledi.
Heýkeliň Wenesiýa nädip getirilendigi barada ýazuw çeşmelerinde gabat gelinmeýär. Emma alymlar XIII asyrda Marko Polonyň kakasynyň Pekindäki Mongol köşgünde bu heýkeli gören bolmagynyň mümkindigini we Ýüpek ýoly arkaly şähere getirilen bolmagynyň mümkindgini belleýärler.
1293-nji ýyla degişli maglumatda Wenesiýanyň beýik sütünleriniň üstündäki ýolbarsyň heýkeliniň şol döwürde hem zeperlidigini we abatlamaga zerurlyk duýýandygy bellenilýär.
Alymlar heýkeliň çig maly bolan misiň nireden alnandygyny bilmek üçin seljerdiler. Netijede, misiň Hytaýyň Ýanszy derýasynyň basseýninden alnandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem heýkeliň daşky şekili ilkibaşda onuň şahynyň bardygyny, soňra ganatly ýolbarsa meňzemegi üçin Ýewropada üýtgedilendigini görkezýär.