«Ösüş»-iň aý­gyt­ly ýeň­şi. Efio­pi­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy «Ösüş» par­ti­ýa­sy­nyň 21-nji iýun­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­da aý­gyt­ly ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy ba­ra­da Mil­li saý­law ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan res­mi taý­dan mä­lim edil­di. «Ösüş» Par­la­ment­dä­ki 436 orun­dan 410 or­na eýe bol­dy. Şeý­le­lik bi­len, Efio­pi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Abiý Ah­med ikin­ji möh­le­te saý­lan­dy. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li ses be­riş­lik bir­nä­çe ge­zek yza süý­şü­ri­lip­di. Kä­bir se­bit­ler­de saý­law­lar en­tek ge­çi­ril­me­di: iki ştat­da di­ňe sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär.

Öm­rüň do­wam­ly­ly­gy ar­tar. Wa­şing­ton uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry 2100-nji ýy­la çen­li adam­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­nyň 125-130 ýa­şa çen­li ýe­tip bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Alym­lar soň­ky on­ýyl­lyk­da Ýer ýü­zün­de uzak ýaş­ly­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu ba­ra­da «De­mog­rap­hic Re­se­arch» ne­şi­rin­de mä­lim edil­ýär. Hä­zir dün­ýä­de ýa­şy 100-e ýe­tip bar­ýan adam­la­ryň sa­ny ýa­rym mil­lio­na ýet­ýär. Şeý­le-de, hä­zir­ki wagt­da ýa­po­ni­ýa­ly 118 ýaş­ly ze­nan Ka­ne Ta­na­ka dün­ýä­niň iň uly ýaş­ly­sy ha­sap­lan­ýar.

Çä­ge­den gur­lan be­ýik ga­la. Da­ni­ýa­nyň Blo­hus şä­he­rin­de be­lent­li­gi ýig­ri­mi metr bo­lan ga­la gal­dy­ryl­dy. Ol çä­ge­den gur­lan dün­ýä­niň iň be­ýik heý­ke­li bol­dy. Ga­la­ny gur­mak üçin 5 müň ton­na go­laý çä­ge ge­rek bol­dy. Ni­der­land­ly heý­kel­ta­raş Wilf­red Stiý­ge­re dün­ýä­niň iň oňat heý­kel­ta­ra­şy­nyň 30-a go­la­ýy kö­mek et­di. Ga­la be­ýik­li­gi bo­ýun­ça re­kord go­ýup, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ga­la­nyň amat­syz ho­wa şert­le­rin­den ha­las bol­ma­gy üçin bi­raz pal­çyk ga­ry­lyp, taý­ýar gur­lu­şyň da­şy­ny ýe­lim gat­la­gy bi­len ört­dü­ler. Ol 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da sö­kü­ler.

Meş­hur su­rat­ke­şiň es­ki­zi. Su­rat­ke­şiň ki­çi­jik ga­ra­la­ma işi­ne re­kord ba­ha­dan tö­le­di­ler. Leo­nar­do da Win­çi­niň «Aýy kel­le­si» at­ly ese­ri Lon­do­nyň «Chris­tie’s» auk­sio­nyn­da sa­tyl­dy. Bu eser, sun­gat ta­ryh­çy­la­ry­nyň pi­ki­ri­ne gö­rä, 1480-nji ýyl­la­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ital­ýan us­sa­dy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Oňa aw­to­ryň go­ly çe­ki­len. Ini we bo­ýy ba­ry-ýo­gy ýe­di san­ti­metr bo­lan su­rat, tak­my­nan, 12 mil­li­on 200 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Öň­ki re­kord Da Win­çi­niň 2001-nji ýyl­da 11 mil­li­on 482 müň dol­la­ra sa­tyn al­nan «At we ça­pyk­su­war» at­ly ese­ri­ne de­giş­li­dir.

Inf­rast­ruk­tu­ra gö­nük­di­ri­ler. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti tä­ze­le­nen «Con­necting Eu­ro­pe Facili­ty» mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Oňa la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýyl­dan 2027-nji ýy­la çen­li ulag, ener­gi­ýa we san­ly inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek üçin 30 mil­liard ýew­ro bö­lü­nip ber­ler. Bu inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry ba­ra­da ÝP we Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi mart aýyn­da yla­la­şyp­dy­lar. Tä­ze­le­nen mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, trans­port tas­la­ma­la­ry üçin 23 mil­liard ýew­ro, ener­gi­ýa tas­la­ma­la­ry üçin 5 mil­liard ýew­ro we san­ly tas­la­ma­lar üçin 2 mil­liard ýew­ro bö­lü­nip ber­ler.

Tä­ze sa­na­wy­ny mä­lim et­di. BCG kom­pa­ni­ýa­sy «Şä­her – her bir adam üçin» at­ly bar­lag­la­ry ge­çi­rip, ýa­şa­mak üçin iň özü­ne çe­ki­ji şä­her­le­riň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Bar­lag­lar­da 16 şä­her saý­la­nyp al­nyp, ola­ra anyk gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça ba­ha be­ril­di. Esa­san-da, dur­mu­şyň hi­li, yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri, jem­gy­ýe­tiň hä­ki­mi­ýet bi­len gat­na­şy­gy hem-de şä­her­li­le­riň dur­mu­şyn­da­ky oňyn üýt­geş­me­le­riň ösüş dep­gi­ni na­za­ra alyn­dy. Şun­luk­da, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri bi­rin­ji, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Lon­don şä­he­ri ikin­ji, Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa bol­sa üçün­ji or­ny eýe­le­di.

Ýa­zy­jy­nyň mül­ki sa­tyl­ýar. ABŞ-nyň Kon­nek­ti­kut şta­ty­nyň Red­ding şä­he­rin­de XX asy­ryň ba­şyn­da ýa­zy­jy Mark Twe­ne de­giş­li bo­lan mül­küň sa­tu­wa çy­ka­ryl­an­dy­gy ba­ra­da «Man­si­on Glo­bal» saý­ty ha­bar ber­ýär. Mül­küň ba­ha­sy 4,2 mil­li­on dol­lar. Ýa­zy­jy bu ja­ýy 1908-nji ýyl­da gur­du­ryp, öm­rü­niň soň­ky iki ýy­ly­ny – 1908-1910-njy ýyl­la­ry bu ýer­de ge­çir­ýär. Mül­küň meý­da­ny 11,3 gek­tar­dan gow­rak, ja­ýyň umu­my meý­da­ny 585 ine­dör­dül metr. Mül­küň eýe­le­ri bir­nä­çe ge­zek üýt­ge­di. Bu jaý soň­ky ge­zek 2003-nji ýyl­da De San­ti­siň maş­ga­la­sy ta­ra­pyn­dan 3,4 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn al­nyp­dyr.

Maýkl Jor­da­nyň kros­sow­ka­la­ry sa­ty­lar. «Sot­he­by’s» auk­sio­ny 1984-nji ýyl­da­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­yň meş­hur bas­ket­bol­çy­sy Maýkl Jor­da­nyň ge­ýen kros­sow­ka­la­ry­ny auk­sio­na çy­ka­rar. Jor­da­nyň kros­sow­ka­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň 80 müň bi­len 100 müň dol­lar ara­ly­gyn­da bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ame­ri­ka­ly bas­ket­bol­çy­nyň «Conver­se» brend­li aýak­gap­la­ry («Fastb­re­ak» mo­de­li) To­kio Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na ga­bat­la­nyp, on­laýn auk­si­on­da hö­dür­le­ner. Sa­tuw 23-nji iýul­da baş­lap, «Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lar.