Parlament saýlawlary geçiriler. Bolgariýada Halk mejlisiniň nobatdan daşary saýlawlary noýabr aýynda Prezident saýlawlary bilen birlikde geçiriler. Bu barada mälim eden Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radýew ýene bir gezek parlamenti ýatyryp, nobatdan daşary parlament saýlawlaryny meýilleşdirdi. Bu saýlawlar ýylyň başyndan bäri üçünji gezek geçirilýär. Bolgariýada häzirki döwlet Baştutany Rumen Radýewiň hem gatnaşjak Prezident saýlawlary 14-nji noýabrda meýilleşdirilýär, ikinji tapgyr 21-nji noýabrda bolup biler.
Auksiona çykarylar. ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň seýrek nusgasy auksiona çykarylar. Söwda şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilýär. 1787-nji ýyl bilen senelenýän Konstitusiýanyň bahasy, takmynan, 15-20 million dollar diýlip çaklanylýar. 1787-nji ýylda ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň 500 nusgasy çykarylsa-da, şeýle resminamadan dünýäde 11-si galdy. Auksion öýüniň wekilleri munuň auksionda hödürlenýän iň seýrek we iň islegli eser boljakdygyna ynanýarlar. 2012-nji ýylda şeýle resminamanyň bir nusgasy rekord baha – 9,8 million dollara satyldy.
Aerotaksi ýola goýlar. 2025-nji ýylda Seulda «howa taksileri» peýda bolar. Bu barada ýurduň ýer, infrastruktura we ulag ministrligi habar berdi. Ministrligiň wekilleriniň pikiriçe bu mümkinçilik şäheriň «Urban Air Mobility» maksatnamasynyň durmuşa geçirilişinde peýda bolar. Meýilnama laýyklykda, howa taksileriniň ýaýramagynyň başlangyç tapgyryny 2025-nji ýyldan 2029-njy ýyla çenli, ösüş tapgyry – 2030-njy ýyldan 2034-nji ýyla çenli, soňky tapgyry – 2035-nji ýyla çenli meýilleşdirilýär. Howpsuzlyk sebäpli uçuş beýikligi 300-den 600 metre çenli bolar.
Agyryny aýyrýan aýdym. Dublin uniwersitetniň alymlary agyrynyň güýjüni peseldýän aýdym döretmegiň üstünde işlediler. Sazy döredenleriň biri Kleýr Howlin «gudrat duýgusyny döretmek» üçin dürli saz gurallarynyň ulanylandygyny aýtdy. Olar «All of us» aýdymy arkaly özüňi gowy duýup, agyryny unutmaga kömek etjek bir zat döretmek islediler. Bu aýdym kellagyry, bil we umumy myşsa agyrylary ýaly ýiti agyrydan ejir çekýän 286 meýletinçide synag edilende olar agyrynyň güýjüniň peselendigini bellediler.
Yssy günler köp boldy. Yssy günleriň sany 1980-nji ýyldan bäri iki esse artdy. – Bu ýokarlanyş gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ýakylmagy bilen baglanyşykly bolup biler – diýip, Oksford uniwersitetiniň daşky gurşawy goramak institutynyň müdiri Friderike Otto aýdýar. Ol dünýäniň gyzmagy bilen howanyň yssy bolýandygyny belläp geçdi. Alymlar noýabrda Glazgoda geçiriljek BMG-niň sammitinde global gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak barada karar kabul edilmegine garaşýarlar.
Faraonyň aramgähi abatlandy. Müsürde köp ýyllap dowam eden abatlaýyş işlerinden soň, faraon Djoseriň aramgähi jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Kairiň golaýyndaky Sakkarada ýerleşýän bu aramgähiň ýaşy, takmynan, bäş müň ýyla deň bolup, dünýäniň daşdan gurlan iň köne binasy hasaplanýar. Dikeldiş işleri 15 ýyl dowam etdi. Olara ýerasty dälizleriň çylşyrymly gümmezlerini berkitmek, relef şekillerini we keramiki plitalardan edilen bezegleri arassalamak we yşyklandyryş gurmak degişlidir.
Gadymy şaýylyklar tapyldy. Germaniýanyň aşaky Saksoniýa sebitinde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy. Daýhanlaryň biri öz ekin meýdanyndan XIV asyra degişli altyn teňňeleri ýüze çykardy. Ol ilki bir şaýylyk, soň ýene üç şaýylyk tapypdyr. Bu ýere çagyrylan arheolaglar gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinden soňra ýene-de 6 şaýylygy tapdylar. Barlaglardan soň olaryň üçüsiniň 1337-nji ýyldan soň Fransiýada, galanlarynyň bolsa Germaniýada zikgelenendigi belli bolýar. Knýazlygyň tugrasy şekillendirilen şaýylyklar häzirki wagtda Emsburen şäher muzeýinde goýuldy.
Dünýäniň iň uly kädisi. Toskanda geçirilen kädi festiwalynda italýan daýhanlary agramy 1226 kilograma deň bolan dünýäniň iň uly kädisini hödürlediler. Ägirt uly kädini üç gün dowam eden «Uly kädi festiwalyna» ýörite ulaga ýükläp getirdiler. Festiwala gatnaşyjylar kädä berkidilen «täze dünýä rekordy» ýazgysy bilen şatlanyp surata düşdüler. Indi festiwalyň guramaçylary agyr agramly kädini ösdürip ýetişdiren daýhanlary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine garaşýarlar.