Bar­se­lo­na­nyň Aw­to­nom uni­wer­si­te­ti­niň (Is­pa­ni­ýa) we Da­ni­ýa­nyň Ol­borg uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry Or­ta­ýer deň­zi­niň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar bö­le­gin­den al­nan su­was­ty çö­kün­di­le­ri­niň dü­zü­min­dä­ki plas­ti­giň muk­da­ry­ny öl­çe­di­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar plas­ti­giň bö­le­jik­le­ri­niň su­wuň düý­bün­de üýt­gew­siz ýag­daý­da on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da sak­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di di­ýip, “Environ­men­tal Science and Techno­lo­gy” ne­şi­ri ýaz­ýar.
Um­man suw­la­ry­nyň dü­zü­mi­niň ha­pa­lan­ma­gy­nyň hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça plas­ti­giň glo­bal önüm­çi­li­gi­niň 1965-2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da nä­hi­li öz­ge­ren­di­gi­ni anyk­la­mak ba­şart­dy. Alym­lar 2000-nji ýyl­dan baş­lap, deň­ziň düý­bü­ne çö­ken plas­tik bö­le­jik­le­riň üç es­se ar­tan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Plast­mas­sa önüm­le­ri­niň ula­ny­ly­şy­ny azalt­mak bo­ýun­ça köp ýurt­la­ryň ta­gal­la­la­ry­na ga­ra­maz­dan, ola­ryň möç­be­ri art­ýar.
Çö­kün­di­le­riň dü­zü­mi 1980-nji ýyl­dan baş­lap po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len bö­le­jik­le­ri­niň top­lan­ma­gy­nyň ar­typ baş­lan­dy­gy­ny gör­kez­di. Olar gap­la­ýyş ma­te­ri­al­la­ry­nyň, çüý­şe­le­riň we azyk plýon­ka­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýär­ler. Şeý­le-de ge­ýim­de ula­nyl­ýan sin­te­ti­ki sü­ýüm­ler­den bo­lan po­li­es­te­riň hem ösü­şi ha­sa­ba alyn­dy. Soň­ky 20 ýyl­da plas­tik zi­bi­liň çö­kün­di­le­ri has köp eme­le ge­lip­dir.
Alym­lar su­wuň düý­bü­ne çök­mek bi­len plas­ti­giň çüý­re­me­ýän­di­gi­ni, oňa dar­ga­ma­nyň, kis­lo­ro­dyň we ýag­ty­ly­gyň tä­sir et­me­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Zi­bi­liň da­ga­ma­gy, esa­san, su­wuň ýü­zün­de bo­lup geç­ýär, em­ma su­wuň düý­bün­de we­lin, bu ju­da az möç­ber­de­dir.
Plas­tik zi­bil dün­ýä um­ma­ny­nyň eko­lo­gi­ýa­sy­na ýa­ra­maz tä­sir edip, mik­rop­las­ti­ka­nyň suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­lar üçin howp­lu­dy­gy­ny su­but ed­ýän ýag­daý­lar has-da kö­pel­ýär. Ola­ry il­kin­ji no­bat­da gök kit­ler ýu­wud­ýar­lar, bu bol­sa kit­ler üçin iý­mi­ti öz­leş­dir­mek­de kyn­çy­lyk dö­re­dip bi­ler.