2023-nji ýylda ummanlaryň temperaturasy ýene bir rekord goýdy. Bu barada “Advances in Atmospheric Sciences” žurnaly habar berýär. Dünýäniň 17 sany barlag institutynyň alymlary şeýle netijä geldiler. Barlag geçiren ýurtlaryň arasynda Hytaý, Fransiýa, Italiýa, ABŞ we Täze Zelandiýa bar.
Netijede, alymlar 2023-nji ýylda ummanlarda iň yssy ýyl boldy diýen netijä geldiler. Umman suwlarynyň gyzmagy deňiz suwunyň kislorod mukdarynyň azalmagyna sebäp bolup biljekdigini, munuň bolsa deňiz ekoulgamyna zeper ýetirjekdigini bellediler. Mundan başga-da, ummanlaryň temperaturasynyň üýtgemegi howanyň ýaramazlaşmagyna we güýçli tupan we suw joşmalaryna sebäp bolup biler.
Barlag geçirijileriň pikiriçe, dünýä ummanlarynyň gyzmagy, asyryň dowamynda hasam erbetleşjek gutulgysyz prosesdir. Makalany neşir eden Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň barlag geçirijisi Çen Liszin howanyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin çaklama we irki duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny öňe sürýär.