Portugaliýanyň paýtagty Lissabon hem-de Şwesiýanyň Linçepin şäherleri 2023-nji ýylda “Ýewropanyň innowasiýalar paýtagty” (iCapital) adyna eýe boldy. Bu baýrak her ýyl innowasiýalary öz işinde işjeň peýdalanýan Ýewropa şäherlerine berilýär. Portugaliýanyň paýtagty uly göwrümli “Unicorn Factory” başlangyjy sebäpli bu baýraga mynasyp görüldi. Iki ýylyň dowamynda 23 ýurtdan 54 tehnologiýa merkezini şähere çekilip, 10 müň iş ýerini döredilipdir, şeýlelikde şäherdäki tehnologiýa merkezleriniň sany üç esse köpelipdir. Bularyň ählisi Lissabona sanly saglyk, “Web 3” tehnologiýalary we emeli aň ýaly pudaklarda öňegidişlige kömek etdi. Bu ösüşler şähere ýaşaýyş jaýy, saglygy goraýyş we daşky gurşawy goramakdaky çylşyrymly meseleleri çözmäge ýardam edýär. Hususan-da, 2030-njy ýyla çenli “uglerod bitaraplygyna” ýetmek üçin şäher energiýa, suw arassalamak we gaýtadan işlemek boýunça ösen tehnologiýalary öndürýän dürli kompaniýalary we guramalary birleşdirýän platforma döretdi. Lissabon geljekki ösüş üçin 1 million ýewro baýrak aldy.
Şeýle hem 2023-nji ýylda esasy kategoriýadan başga-da, ilaty 50 müňden 259 müň aralygynda bolan şäherlere niýetlenen “Ýewropanyň ösýän innowasiýa şäheri” baýragy gowşuryldy. Bu ugurdaky baýrak Linçepin (Şwesiýa) şäherine berildi. Şäher baýrak hökmünde 500 müň ýewro aldy.
Amanmyrat MYRADOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy.
PDF









