«Fitch Ra­tings» hal­ka­ra reý­ting agent­li­gi glo­bal yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly tä­ze mag­lu­ma­ty­ny ýaý­rat­dy. Reý­ting eda­ra­sy ge­çen ýyl dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2,7% ösen­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, bu gör­ke­zi­ji soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň or­ta­ça ösü­şi­ne ýa­kyn bo­lup­dyr. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bol­sa, glo­bal yk­dy­sa­dy ösü­şiň 2,6% bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­dy. Agent­lik ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da­ky mag­lu­ma­tyn­da bu gör­ke­zi­ji­niň 2,4% bol­jak­dy­gy­ny çak­lap­dy. Mag­lu­mat­na­ma­da eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­na goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ösü­şi hem-de paý­na­ma ba­za­ry­nyň iş­jeň­li­gi we ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şe gol­da­wy gör­ke­zil­ýär.
2026-njy ýyl­da Ýew­ro se­bi­tin­de 1,3% ösü­şe ga­ra­şyl­ýar. Dün­ýä­niň ikin­ji uly yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­lan Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy ösü­şi 4,3% bo­lar. Ge­çen ýyl ýurt­da 5% tö­we­re­gi ösüş ha­sa­ba al­nyp­dy.

Gülaýym Amangulyýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.