Pekiniň merkezinde 74 gektar meýdany eýeleýän dünýädäki iň uly köşkler toplumy ýerleşýär. «Gadagan edilen şäher» (The Forbidden City) ady bilen tanalýan Pekiniň köşkler toplumy 1420-1912-nji ýyllar aralygynda Hytaýyň merkezi bolup hyzmat edipdir. Köşkler toplumynyň gurluşygy 1406-njy ýylda başlanyp, 1420-nji ýylda tamamlanýar. Toplum birnäçe köşkden, howlulardan we ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat. Ýerli halkyň arasynda «gyrmyzy şäher» ady bilen meşhur bolan toplumyň bezeginde, esasan, gyrmyzy we sary reňkler ulanylypdyr. Gyrmyzy reňk hytaý medeniýetinde oňatlygy hem-de bakylygy alamatlandyrýar. Sary reňk Şa maşgalasynyň nyşany hasaplanypdyr.
1924-nji ýyla çenli köşk toplumy hökmünde ulanylan şäher 1925-nji ýylda Hytaýyň milli muzeýi diýen derejä eýe bolup, köpçülige gapylaryny giňden açýar. Daşyna 8 metr töweregi beýiklikde gala aýlanan 500 ýyllyk gadymy şäher milli baýramçylyklaryň, däp-dessurlaryň geçirilýän merkezleriniň biri bolup, ýokardan seredeniňde gönüburçlugy emele getirýär. 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen toplumda 9 müň 999 otag hem-de 980 bina bar. Köşkler toplumynda Hytaýyň milli mirasy hasaplanýan 1 million töweregi artefakt saklanýar. Şäheriň içindäki taryhy ýerler iki bölege bölünip, toplumyň merkezinde «Aždarha tagty» diýlip atlandyrylýan, imperator oturgyjyny öz içine alýan esasy köşk ýerleşýär. Bu tagt altyndyr gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir.
Dört derwezeli «gyrmyzy şähere» her ýyl 20 million töweregi syýahatçy barýar. Şäheriň günorta girelgesi syýahatçylar üçin niýetlenen bolup, bu girelgäni meridian çyzygynyň kesip geçýändigi sebäpli, «Meridian derwezesi» hem diýilýär. Derwezäniň iki gapdalynda uzap gidýän ganatlary bar. Galanyň dört burçunda kiçiräk bambuk minaralar bolup, häli-şindi jaňlaryň sesi ýaňlanyp durýar. Üçekleri bambukdan ýasalan şäheriň içinden emeli döredilen «altyn» derýa akyp geçýär. Giňligi 4,5 metre barabar bolan bu derýanyň boýunda gezelenç edip, şäheriň gözelliklerini synlap bolýar. Köşkler toplumynyň demirgazygynda 10 gektar meýdany tutýan bambuk, kiparis we arça agaçlarynyň tokaýy bar. Mundan başga-da, bu ýerde gyzyl gülleri bilen şäheri bezeýän alma agaçlarynyň meýdany hem bar.
PDF









