Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň (ANU) alymlarynyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda dünýä dilleriniň 40 göterimden gowragy ýitip ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdür. Bu bolsa ýakyn onýyllyklarda dünýäniň medeni mirasynyň uly bölegini ýitirip biljekdigimizi aňladýar.
Ylmy barlaglar dünýäde her iki hepdede bir diliň ýitýändigini görkezdi. Soňky 60 ýylda dilleriň 30 göterimden gowragy ýitdi. Eger bu ýagdaý dowam etse, onda asyryň ahyryna çenli dünýäde dilleriň sany bäş esse azalyp biler. Bu ýagdaýa köplenç, jemgyýetde bolup geçýän üýtgeşmeler sebäp bolýar. Dilleriň ýitip gitmek prosesiniň esasy sebäpleriniň biri hem globallaşmak we migrasiýa bolup durýar. Adamlar obalardan şäherlere göçüp gidýärler we wagtyň geçmegi bilen öz ene dillerini ýitirýärler. Käbir diller has möhüm bolýar, şonuň üçin adamlar öz ene dillerinde gürlemegini bes edýär. Bu hem özboluşly däpleriň we bilimleriň ýitmegine getirýär.
Aýratynam, Demirgazyk we Merkezi Amerikada, Günbatar Afrikada we demirgazyk Awstraliýada dillere güýçli zyýan ýetýär. Alymlar hatda häzir köp adamlaryň gürleýän dilleriniň hem ýakyn wagtda ýitip biljekdigini çaklaýarlar. Dil ýitgisi diňe bir lingwistik mesele bolman, eýsem medeni köpdürlüligiň ýitmegidir diýip, barlag geçirijiler belleýär.
Häzirki wagtda Ýerde 5-6 müň janly dil bar. Aragatnaşygyň ösmegi bilen diri dilleriň sany gitdigiçe azalýar. Adamlaryň köpüsi hytaýça, hindiçe, iňlisçe, ispança, arapça, rusça we portugalça gürleýärler. Fransuz dili hem ep-esli derejede ýaýran, ýöne ony öz ene dili hasaplaýanlaryň sany onçakly köp däl. Diliň saklanyp galmagy üçin şol dilde gürleýän 100 müňden gowrak adam gerek.
Häzirki wagtda bar bolan dilleriň ýarysyndan gowragy XXI ýüzýyllygyň ortalarynda ulanyşdan galar diýlip çaklanylýar. Köp diller şol dilde gürleýänleriň has güýçli başga dil gurşawy bilen aragatnaşyga girmegi sebäpli ýitýär. Şonuň üçin ilkinji nobatda az halkly diller we döwleti bolmadyk diller ýitip ýok bolup gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz durýarlar. Eger-de dili azyndan 70 çaga öwrenýän bolsa, onda ol ýitip barýan dil hasaplanýar.