Amerikaly kinorežissýor Stiwen Spilberg “Forbes” žurnaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň baý režissýorlarynyň sanawynyň başyny çekdi. 79 ýaşly kinoçynyň emlägi häzirki wagtda 7,1 milliard amerikan dollaryna deň, soňky ýylda onuň baýlygy takmynan 1,8 milliard dollar artdy.
Spilbergiň filmleriniň dünýä prokatyndaky umumy kassa ýygymlary 10 milliard dollardan geçdi. Kino senagatdaky girdejilerinden başga režissýor “Universal Pictures” studiýasynyň tematiki seýigählerinde satylan her giriş peteginden hem göterim girdeji gazanýar. Spilberge «Äňler», «Gaýry planetaly», «Şindleriň sanawy» we «Ýura döwrüniň seýilgähi» atly filmleri, şeýle-de Indiana Jons baradaky kino tapgyry giň meşhurlyk getirdi.
Sanawda ikinji orunda «Ýyldyzlar urşy» filmler toplumyny döreden režissýor Jorj Lukas ýerleşdi, onuň emlägi 5,2 milliard dollar.
PDF








