ýa-da Seljuklylar döwletiniň taryhy hakynda
Ýazyjylyk bilen meşgullanýan adam üçin taryha ser salmak halkyň beýik geçmişine söýgi duýgusyny joşdurýar, täze eserleri ýazmaga iterýär. Türkmenler bolsa, taryhda ençeme şadöwletleri döreden halk bolup, olaryň hatarynda beýik Seljuklylar döwletiniň döreýşi has-da gyzyklydyr.
…IX asyrdan başlap XIII asyra çenli aralykdaky möwrit ata-babalarymyzyň ady, olaryň söweşleri, göç-hä-göçlügi bilen şeýle bir hyryn-dykyn welin, göz öňüňde ymgyr taryhy giňişlik ýaýylyp gidýär. Bu dogrusynda «Şejere-i-Terakimede» şeýle ýazylypdyr:
– Oguz ili göçüp-gonmadyk ýol barmy?
Öýün dikip oturmadyk ýurt barmy?
Şu möwritde türkmenleriň-seljuklaryň guran örän kuwwatly döwletiniň durky-kamaty seni özüne şeýle bir bendi edýär welin, taryhçylaryň biriniň jaýdar belleýşi ýaly, ol döwletiň ýürek urgusyna bütin dünýä diň salypdyr, onuň çäkleri onlarça döwleti özüne sygdyryp bilerlik derejede giň bolupdyr, täsiri has alyslara ýetipdir.
Bu döwletiň döremeginiň çylşyrymly we gyzykly taryhy bar.
Seljuk türkmenleriniň mal-baýlyklarynyň artmagy, şeýle-de seljuk we beýleki türki halkyýetleriň örňäp-ösmegi täze-täze zerurlyklary ýüze çykarypdyr. Bu, ilkinji nobatda, ýaşamak üçin amatly bolan mes toprakly ýerleriň, mallar üçin sonar ýaýlalaryň zerurlygy bilen baglydyr. IX-XI asyrlarda türkmenleriň ýagdaýy hakynda arap-pars çeşmelerinde «olaryň goýunlary kän, özleri-de batyr, gaýduwsyz…» diýen äheňdäki maglumatlar köp duşýar. Bu ýagdaý, ýagny baý türki çarwalaryň gitdigiçe köpelmegi Seljuklylar döwletiniň döremeginiň ilkinji şertleriniň biri boldy diýmäge esas berýär.
Mirhond, Abu-I-Fazl Beýhaky, Gardizi, ibn al-Asir, Ar-Rawendi we beýleki arap-pars taryhçylarynyň ýazgylarynda Seljuk babamyzyň gelip çykyşy barada maglumatlar, esasan, bir zady – onuň mal-baýlygynyň depseň yranmaz bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, onuň at-ýaragy tükel, saýyrdyň goşunyň serkerdesi bolandygy-da agzalýar. Şunlukda, Seljugyň – Oguz han atamyzyň ýigrimi dört agtygynyň iň körpesi Kynygyň neberelerinden bolan, gepi diňlenýän barjamly kişiniň Mawerannahrda peýda bolmagy, elbetde, Gaznalylar köşgüni ynjalykdan gaçyrýar. Seljugyň we onuň ogullarynyň abraýy artyp başlaýar. Şonuň üçinem bu iki uly güýjüň – Gaznaly döwleti bilen seljuklaryň arasyndaky gapma-garşylygyň ilkinji alamatlary ýüze çykýar. Ýokarda ady tutulan taryhçylaryň ýazgylarynda ol gapma-garşylyk dürli häsiýetde teswirlense-de, taryhy maglumatlaryň äheňi türkmenleriň-seljuklaryň esasy bir zady – ýaşamak üçin ýurt gözländiklerini subut edýär. Bu gapma-garşylygy Garahanlylar öz bähbitleri üçin ulanypdyrlar, olar köp halatda seljuklardan heder edip hem-de Gaznalylar bilen dil düwşüp, olaryň – seljuklaryň garşysyna hileli, hyýanatçylykly syýasat ýöredipdirler. Seljukly türkmenleriň hemişelik oturymlylaşmak üçin ýer gözländiklerini, Gaznaly köşgi bilen oňşukly ýaşamaga çalşandyklaryny taryhy ýazgylar inkär edenok. Seljukly türkmenleriň Gaznalylar döwleti bilen agzybir ýaşamak isländigi serkerde hökmünde Muhammet Togrul begiň, Dawut Çagry begiň we Musa Ýabgunyň öňe çykan ýyllary has-da duýlup dur. Olaryň soltan Mahmyt Gaznalydan özleriniň Horasana gelmegine ejaza bermegini haýyş etmekleri-de muňa güwä geçýär. Hut şu maksat bilen olar Gaznaly köşgüne birnäçe gezek ilçi hem ýollaýarlar. Emma Gaznalylaryň taryhyny ýazan, emir Mahmyda we onuň ogly Masuda ýakyn adamlaryň biri bolan Abu-l Fazl Beýhakynyň seljuklar babatdaky garaýyşlary dogrusynda bir söz diýilmeli bolsa, megerem, «ol köşgüň seljuk türkmenlerine garşy alyp baran syýasatyny adyl görkezmek isläpdir» diýse bolardy. «Taryhy Beýhakynyň» awtory seljuklary tankytlaýar. Emma belli türkmen alymy Ý.Atagarryýew Muhammet Togrul begiň şahsyýeti hakyndaky makalasynda muny inkär edýän şeýle bir delili getirýär: fransuz professory Enn Lembte türkmen-seljuk serkerdeleriniň hereketlerini Gaznalylaryňka garanyňda, ynsanperwer hasaplaýar. Diýmek, türkmen-seljuk döwleti döremän biljek däldi, ol taryhyň emridi diýse bolar.
Seljuk 107 ýaşap aradan çykýar we kethudalyk onuň uly ogly Ysraýyla geçýär. Şondan soň, has takygy, 992-nji ýyldan tä 1040-njy ýyla çenli türkmenler syýasy çylşyrymlylygy başdan geçirýärler. Olar Garahanlylar, hususan-da Gaznalylar köşgi tarapyndan garşylyga duçar bolupdyr. Mahmyt we Masud Gaznalynyň biadyl hereketleri, äsgermezçiligi seljuk türkmenleriniň degnasyna degýär, oguzlaryň kynyk tiresinden, Seljugyň agtygy Muhammet Togrul begiň we Dawut Çagry begiň serkerdelik eden döwründe bolsa, bu dartgynlylyk has-da ýitileşipdir.
1025-1026-njy ýyllarda dört müň öýli türkmen Mahmyt Gaznalynyň rugsat bermegi bilen Amyderýadan geçip, Horasana aralaşýar. Olar Togrul we Çagry begiň kakasy Mikaýylyň dogany Ysraýyl ölenden soň, onuň eýesiz galan goşunlarydy. Ysraýylyň ölümini guran, ýagny, ony hile bilen köşgüne getirip, el-aýagyny gandallap Hindistanda bendilikde çüýredenem Mahmyt Gaznalydy, ol bu türkmenleri-de wada bilen özüne gulluga alýar. Ýer bölüp berse-de, soltan Mahmyt olara iki esse salgyt salypdyr, salgyt tölemäge gurby çatmadyklaryň bolsa öýlerini ýakyp-ýandyryp, ogul-gyzlaryny gul-gyrnak edipdir. Gaznalylaryň Horasandaky salgyt ýygnaýjylarynyň üsti bilen türkmenleri birehim talaýyşlary barada Beýhakynyň taryhynda maglumatlar bar.
1027-nji ýylda jebir-süteme çydamadyk türkmenler pitne turuzýarlar, emma pitne gaznalylar tarapyndan basylyp ýatyrylýar, onsoň horasanly türkmenler bosgunlyga ýüz urmaga mejbur bolýarlar. Horasanly garyndaşlarynyň düşen agyr güni Muhammet Togrul begiň, Dawut Çagry begiň sabyr käsesini püre-pür edýär.
Gaznalylar döwletiniň horasanly türkmenler babatyndaky adalatsyz syýasaty «Taryhy Beýhakyda» şeýle beýan edilýär: «Mahmyt Gaznaly ölenden soň tagta çykan ogly Masud horasanly türkmenleriň serkerdeleri Ýagmyry, Bugany, Gökdaşy we Gyzyly aldawa salyp, olary öldürmegi niýetine düwýär. Emma emiriň bu pirimini köşk weziri Hoja Abul Kasym Ahmet ibn Hasan unamaýar. Ol seljukly türkmenler bilen aralykda tutaşýan oduň ullakan ýangyna öwrülmek howpundan gorkup, şeýle diýýär: «Olaryň serkerdelerini öldürmek paýhaslylyk däl, şeýdilse, türkmenler bize ynam etmezler, bu ýalňyşlykdyr».
Gaznalylar döwleti bilen seljukly türkmenleriň arasyndaky garşylyk 1035-nji ýylda ýetjek derejesine ýetipdir, seljuk türkmenleriniň barha kuwwatlanýandygyna magat göz ýetiren Masud Gaznaly olar bilen ylalaşyga gelmek isleýär. Ol Togrul begi, Çagry begi we Musa Ýabguny özüne gulluga çagyrýar, hersine at, ýarag, halat-serpaý ýollaýar. Emma Gaznaly köşgüne indi türkmenleriň ynamy gaçypdy. Olar halat-serpaýdan ýüz öwürýärler, bu bolsa Muhammet Togrulyň we Çagry begiň Masuda açyk uruş yglan etdigidi, olar aýgytly herekete başlaýarlar we 1037-nji ýylyň ýazynda Merwe girýärler.
Merwiň seljukly türkmenler tarapyndan eýelenişini Mirhond «Rauzat-as-Safa» eserinde şeýle beýan edýär: Masud Gaznalynyň goşun serkerdebaşysy Bektugdy türkmenlerden ýeňlenden soň, Merwden çykyp Nişapura, soňam Dehistana gidýär. Merwiň hormat goýulýan danyşmentleriniň üçüsi türkmenleriň ýanyna gelip, Togrul bege Masud Gaznalynyň Merw hakynda alada etmezligi netijesinde, ilatyň halys tozandygyny aýdyp, kömek soraýarlar. Togrul beg olary diňlänsoň, merwlilere hemaýat etjekdigine söz berýär. Ol şäherden gaçyp giden bosgunlary yzyna çagyrýar, tertip-düzgüni ýola goýýar.
Merwlileriň galanyň açaryny seljukly türkmenlere meýletin gowşurandyklaryny eşiden Gaznalylaryň goşuny serkerde Bektugdynyň ýolbaşçylygynda bu ýere gelýär. Uly söweş bolup, seljukly türkmenler ýeňiş gazanýar. Mirhond şol söweş hakynda şeýle ýazýar: «Batyrdyklaryna hem güýçlüdiklerine garamazdan, seljuklar özlerine günä geçmegi we rehimliligi kada edinipdirler. Olar ýeňlen goşuna rehim-şepagat kyldylar, esgerlerine gaçan duşmany kowmagy, ellerini gana bulamagy gadagan etdiler…»
Şondan laýyk bir ýyl soň, 1038-nji ýylda Muhammet Togrul beg Nişapur şäherini eýeleýär. Bu şäheriň juma metjidinde Togrul begiň adyna hutba namazy okalýar, bu sene türkmen-seljuk döwletiniň dörän wagtydyr. Masud Gaznaly iki ýyldan soň, 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda Daňdanakanda seljukly türkmenleriň goşuny bilen çaknyşýar. Bu söweşde Gaznalylar ýeňilýärler. Şol gün türkmen taryhynyň iň şöhratly sahypalarynyň biridir.
Sarahsy we Merwi, umuman, Gündogar Horasany öz agasy Dawut Çagry begiň garamagyna goýup, Muhammet Togrul beg on müňlerçe atla baş bolup, günbatara gidýär. 1055-nji ýylda Bagdady, soň tutuş Yragy eýeläp, Reý şäherini paýtagt diýip yglan edýär. Seljuklar döwleti gitdigiçe güýçlenip, täze-täze ülkeleri özüne berkidýär. Şunlukda, Seljuk neberesinden bolan türkmenleriň at-abraýy artýar. Olar harby batyrlygyndan ötri, rehim-şepagatlylygy bilen-de tanalyp başlaýar.
Nişapura gelip, Muhammet Togrul beg Masud Gaznalynyň tagtyna geçýär. Ýerli halkyň sylagly adamlaryny maslahata çagyryp, olaryň arzy-halyny diňleýär. Nişapurlylaryň özüne hoşamaý garaýandyklaryny göz öňüne tutup, soltan ilaty iki ýyllap salgyt tölemekden boşadýandygyny yglan edýär. Türkmenleriň-seljuklaryň guran täze döwletiniň berkemegine Togrul begiň hut şu häsiýetleri hem uly ýardam edýär. «Mälik-al-mülk» derejesi ykrar edilen Muhammet Togrul beg ýörişiniň bütin dowamynda öňünden çykan illeriň köpüsini gandöküşiksiz, parahatçylykly ýol bilen özüne tabyn edýär.
* * *
Taryhçy Gardizi «Zeýn Al-Anbar» atly kitabynda türkmen serkerdesi Dawut Çagry begiň rehimdarlygy, mertligi bilen bagly şeýle wakany gürrüň berýär.
Türkmenleriň ilçileri emir Masud Gaznalynyň goşun serkerdesi Hajyb Bektugdynyň ýanyna gelip, emiriň özleri üçin ýaşar ýaly Watan, mallary üçin ýazlag bermegini soraýarlar. Emma Bektugdy türkmen ilçileriniň ýüzüni alyp, kowup goýberýär. Munuň bilenem çäklenmän, olaryň sany juda az bolan goşunynyň üstüne çozup, ýesir düşenlerini zalymlyk bilen gyryp, talaňçylyk edýär. Bu habary Dawut Çagry bege ýetirýärler. Ol goşuny bilen gelip, Bektugdynyň goşunyna garşy söweşe girýär. Şol ýowuz söweşde ýeňlip barýandyklaryny görüp, Bektugdy gaçýar, emiriň beýleki bir serkerdesi ibn Aly ibn Mikail bolsa, türkmenlere garşy mert durup söweşýär. Onuň mertligine Dawut Çagry begiň göwni ýetýär we öldürmän, tussag edýär.
Gardiziniň Daňdanakan söweşi baradaky gürrüňi bolsa, türkmenleriň harby sungatynyň gaznalylary neneň-niçiksi heder etdirendigini görkezýär. 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda bolan şol söweşde Masud Gaznalynyň goşuny aljyraňňy we gorkuly hala düşýär. «Gün doganda (görseler), ähli ýapylaryň, baýyrlaryň we gaýalaryň ýüzüni türkmenler eýeläpdir, şunlukda, gaznalylar goşunynyň ýoluny bökdäpdirler. Muny görüp, emir Masud urşa taýýarlanmaga buýruk berdi.
Goşun nyzama düzülip, söweş tertibine geldi we sap-sap bolup, öňe süýşüp başlady. Türkmenlerem söweş ýagdaýyna girdiler, harby däplerine görä, atly nyzama düzüldiler».
Türkmenleriň 16 müň adamdan ybarat goşunyny gören emir Masud söweşe gelendigine ökünip, şeýle diýýär: «Öňümizde bulaşyk bir iş dur. Maňa Hyrada gitmek we parahatçylyk barada ylalaşyk baglaşmak gerekdi. Indi giç. Hudaý kysmatymyza näme ýazan bolsa, görübermeli bolar-da…»
Şunlukda, Muhammet Togrul soltan Amyderýadan Ýewfrat derýasy aralygyny eýeläp, ägirt uly imperiýany döredýär. Bagdady eýeländen soň (1055ý.) oňa «Gündogaryň we günbataryň soltany hem-de patyşasy» diýen unwan berilýär. 1059-1060-njy ýyllarda bolsa, «Dünýäniň daýanjy we diniň ynanjy» diýen dereje berilýär, hormatyna pul zikgelenip, onuň bu ady şol pula ýazylýar.
Taryh Muhammet Togrul beg barada ýagşy sözleri bize miras galdyrypdyr. Ine, şolaryň biri:
XII asyr taryhçysy Ymameddin Yspyhanyda şeýle maglumat bar: 1038-nji ýylda seljuklar Nişapura gelende, Remezan aýy eken. Goşun şol ýagdaýda şäheri talamakçy bolanda, Togrul beg muňa garşy çykyp, şeýle diýýär: «Häzirki keramatly aýda ilaty goramagyň deregine talasak, öz-özümizi masgaraladygymyz we şan-şöhratymyzy ýitirdigimiz bolar».
* * *
XIII asyryň başlarynda kelte aýakly ýaby münen gyýyk gözli Çingiz han gojaman taryhyň içinden gylyjyny bulaýlap geçip, gülläp ösen ynsanyýet medeniýetiniň başyndan musallat inderdi. Onuň orta aziýaly halklary nähili gara güne duçar edendigine taryhyň sahypalary şaýatlyk edýär. Şol galagoply zamana hakynda taryhçy Hafiz-i-Abru jugrafiýa boýunça ýazgylarynda bir hesretli wakany gürrüň berýär. Özüniň eý görýän agtygy, Çagataýyň ogly Mutugen söweşleriň birinde gurban bolanda, Çingiz han dergazap bolup, Merwi ýumurmaga buýruk berýär. Gözel şäher ýakylyp-ýandyrylýar…
Şeýle gazaba çydamadyk bosgunlar Anadoludaky, Yrakdyr Siriýadaky seljuk emirliklerine sary kowçum-kowçum bolup süýşüp ugraýarlar. Şol bosgunlaryň içinde basybalyjylara garşy göreşip, 1231-nji ýylda wepat bolan türkmen serkerdesi Jelaletdin Meňliburnuň egindeşi Süleýman beg hem bolupdyr. Dört ýüz töweregi atlysy bilen Anadola tarap barýarka ýolda Ýewfrat derýasyndan geçilende, Süleýman begiň kysmaty ters gelip, derýa gark bolýar. Serkerdeleriniň ölümi zerarly aljyraňňylyga düşüp, umytsyzlyga uçran bosgunlaryň bir bölegi yza – Horasana dönýär. Begiň aýaly Haýyma ene bolsa, ogullary bilen Anadola tarap ýoluny dowam edýär. Ol ýerdäki seljuk soltany Alaetdin Keýkubatdan pena isleýär. Enäniň ogly Ärtogrulyň ganym Çingiziň leşgerleri bilen garpyşykda özüne eden ýagşylygyndan soň, ondan göwni biten soltan Sögüt etrabyny bulara berýär.
Şunlukda, batyrlygy we paýhaslylygy bilen soltana özüni aldyran Ärtogrula Üçbegi diýen hormatly at berilmeginden – XIII asyryň ahyrlaryndan başlanan hem-de Ärtogrul Gazynyň ogly Osmanyň hyzmaty bilen 1299-njy ýylda özbaşdak Osman begligi diýen at alan, gitdigiçe kuwwat toplan täze bir türkmen-seljuk döwleti – Osmanly döwleti taryh sahnasynda peýda bolýar. Bu döwlet özüniň beýik soltanlarynyň hyzmaty bilen 6 asyrdanam uzak wagtlap, jahanyň çar künjüne üznüksiz täsirini ýetirip durýar…
Hemra HUDAÝGULYÝEW,
žurnalist.
PDF









