Maliýe-ykdysady habarlary ýaýradýan «Forbes» žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny ýaýratdy. Sanawyň ilkinji onlugyna girenleriň umumy baýlygy 1% artyp, 2,13 trillion amerikan dollaryna ýetipdir. Sanawyň başynda kosmos pudagyna goýýan maýa goýumy bilen tanalýan Ilon Mask bar. «Tesla», «SpaceX» we X kompaniýalarynyň ýolbaşçysy bolan işewüriň baýlygynyň 415,6 milliard amerikan dollaryna golaýdygy mälim edildi. Ikinji orny «Oracle» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison eýeledi. Tehnologiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň 270,9 milliard dollar baýlygy bar. «Meta»-nyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg (253 milliard dollar) üçünji bolupdyr. Bir döwürler birinji orna hem çykan «Amazon»-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos 240,9 milliard dollary bilen dördünji bolupdyr. Ilkinji onluga Larri Peýj (178,3 «Google»), Sergeý Brin (165,9 «Google»), Bernar Arno (154,1 LVMH), Stiw Ballmer (151,3 «Microsoft», «LA Clippers»), Jensen Huan (150,4 «Semiconductors») we Warren Baffett (150,4 «Berkshire Hathaway») bar.