Her ýyl Oksford uniwersitetiniň Sagdynlyk barlag merkezi we BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri torunyň bilelikde taýýarlamagynda dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawy mälim edilýär. Ýyllyk hasabata görä, Finlýandiýa yzly-yzyna dokuzynjy ýyl dünýäniň iň bagtly ýurdy diýlip yglan edildi. Sanawda Islandiýa ikinji, Daniýa üçünji, Kosta-Rika dördünji, Şwesiýa bäşinji orunda gelýär. Dördünji orundaky Kosta-Rika ençeme ýyllardan sanawa girizilen Latyn Amerikasy ýurdy boldy. Norwegiýa, Niderlandlar, Lýuksemburg, Şweýsariýa ilkinji onluga giren Ýewropa ýurtlary boldy. Sanawda Kanada 25-nji orunda, Beýik Britaniýa bolsa, 29-njy orunda gelýär.
Dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawy 147 ýurtdan meýletinçileriň gatnaşyp, ýaşaýyş durmuşy barada baha bermegi esasynda düzülýär. Sanawyň düzülmegine adam başyna düşýän girdeji, ömür dowamlylygy, haýyr-sahawat, erkinlik ýaly ýagdaýlar hem uly täsir edýär. Bilermenler sosial mediýanyň ösmeginiň, uzak wagtlap telefona güýmenmegiň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler. Dünýäniň bagtly ýurtlarynyň ýaşaýjylary jemgyýetçilik aragatnaşygyny saklamak bilen bir hatarda, tebigatda dynç almaga, sport bilen meşgullanmaga we medeni çärelere gatnaşmaga aýratyn üns berýärler.
PDF









