Ýaponiýaly 108 ýaşly Sisui Hakoisi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry dellegi diýlip ykrar edildi. 90 ýyl bäri saç bejerýän bu zenan bu kärini entek-entekler goýmakçy däl. Hakoisi Totigi prefekturasynyň Nakagawa şäherindäki salonynda işleýär. 1916-njy ýylyň 10-njy noýabrynda doglan zenan 14 ýaşynda bir dellegiň şägirdi bolup işe başlapdyr.