ABŞ-nyň iň köp ilatly şäheri bolan Nýu-Ýork dürli medeniýetleriň, maliýe amallarynyň we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hasaplanýar. Tutýan meýdany 1 müň 223 inedördül kilometre barabar bolan bu şäher 5 etrapdan ybarat. Nýu-Ýorkda 8,5 million adam ýaşaýar. Şäherde 800 töweregi dilde gepleşilýär. Dünýäniň metbugat merkezi hasaplanýan bu şäherde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezi edaralary ýerleşýär. Nýu-Ýork diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, tutuş dünýäde tanalýan owadan şäherleriň biridir. Woll-strit köçesi, Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň binasy, Azatlyk heýkeli, Brodweý güýmenje meýdançasy şäheriň iň meşhur ýerleri hasaplanýar.
Nýu-Ýork syýahat etmek üçin iň gowy şäherleriň biri hasaplanýar. Şäheriň owadan ýerleriniň sanawynda 341 gektar meýdany tutýan Nýu-Ýork merkezi seýilgähi, beýikligi 93 metre barabar bolan Azatlyk heýkeli,
102 gatly «Empire State Building» binasy ýaly ýerler bar. Nýu-Ýork syýahatçylaryň arasynda «Uklamaýan şäher» ady bilen meşhurdyr. Nýu-Ýorka köplenç «Dünýäniň medeni paýtagty», «Dünýäniň moda paýtagty» hem diýilýär. Şäheriň Taýms we Brodweý meýdançalary günüň islendik wagtynda köp adamly bolýar. Taýms meýdançasy Nýu-Ýorkuň merkezi hasaplanýar. Bu ýere gijäniň ýarynda barsaň hem gyzykly aýdym-saz, tans çykyşlaryny synlamak bolýar. Habarlar, täzelikler bilen tanyşdyrylýan bu meýdançada egin-eşik dükanlary, restoranlar we ofisler bar. Uly LED ekranlarda köpçülige ýetirilýän bildirişler, mahabatlar şäheri has-da janly edip görkezýär. Brodweý görkezişleri, jaz çykyşlary, açyk asmanyň astyndaky kinoteatrlar we köçe çykyşlary bilen meşhurlyk gazanan Nýu-Ýorkda her gün diýen ýaly dürli festiwallar geçirilýär. Esasan hem, Gün ýaşandan soň başlanýan şowhunly dabaralar «uklamaýan şäheriň» ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak pursatlary döredýär. Şeýle hem şäheriň teatrlarynda Golliwudyň filmleridir teleseriallary ýygy-ýygydan köpçülige görkezilýär. Nýu-Ýork şäheri dünýäniň iň oňat muzeýleriniň mekanydyr. Häzirki zaman sungat muzeýi (MoMA), Metropoliten sungat muzeýi, Guggenheim muzeýi we Bruklin muzeýi sungaty söýüjileriň iň köp gelim-gidimli ýerleri hasaplanýar.
Günüň haýsy wagtyna garamazdan bu şäherde hereketiň yzy üzülmeýär. Gijäniň ýarynda bu şäheriň köçelerinde ýöräniňde hem özüňi gündiz gezip ýören ýaly duýýarsyň. Seýilgähler, restoranlar, güýmenje meýdançalary, teatrlar we köpçülikleýin ulag serişdeleri gije-gündiziň dowamynda halka hyzmat edýär. Nýu-Ýorkda irdenden agşama çenli aralykda hökmany ýagdaýda gerekli bolan harajatlaryňy: iýmit, egin-eşik we ş.m. almagyň zerurlygy ýok. Sebäbi şäherde 24 sagadyň dowamynda bazarlar, söwda merkezleri, kafeler we hatda kitap dükanlary hem açyk bolýar. Söwda merkezleri gije-gündiziň dowamynda ýaşaýjylaryň we syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasan hem, Nýu-Ýorkuň Manhetten we Bruklin ýaly etraplarynda gijeki durmuş has-da gaýnap joşýar.
Nýu-Ýorkuň metrolary dünýädäki iň işjeň ýerasty ulag serişdeleriniň biridir. Bu şäher metro ugurlarynyň we beketleriniň gije-gündiz işlemegi bilen beýleki şäherlerden tapawutlanýar. Şäherde dürli ugurlarda işleri alyp barýan 52 kompaniýanyň merkezi edarasy ýerleşýär. Nýu-Ýorka her ýyl 50 milliondan gowrak syýahatçy barýar.
PDF









