Çilidäki Wera Rubin adyndaky obserwatoriýada oturdylan dünýäniň iň güýçli kamerasy arkaly kosmos giňişliginiň täze suraty düşürildi. Ýaýradylan reňkli suratlaryň birinde Ýerden 9 müň ýagtylyk ýyly uzaklykda ýyldyzlaryň peýda bolýan sebitinde äpet gaz we tozan bulutlarynyň aýlanýandygyny görmek bolýar. Bu obserwatoriýa arkaly kosmos bilen bagly düýbünden täze maglumatlaryň ýüze çykarylmagyna garaşylýar. Astronomlaryň pikirine görä, Gün ulgamynda entägem üsti açylmadyk 9-njy planeta bar bolsa, bu teleskop ony tapyp biljek güýje eýe. Şeýle hem teleskop arkaly Ýere urmak ýa-da golaýyndan geçmek ähtimallylygy bolan asteroidleri has aňsat tapyp bolar. Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň kartasynyň hem has jikme-jik görnüşi dörediler. Astronomlaryň pikiriçe, teleskop arkaly Gün ulgamyndaky asman jisimleriniň häzirkiden on esse köp mukdarynyň tapylmagy mümkin.