“Numbeo” kompaniýasynyň bilermenleri baha görkezijisiniň esasynda dünýäniň 327 şäherindäki ýaşaýşyň bahasyny hasaplap, dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler. Bilermenler öz baha berişlerinde Nýu-Ýorkdaky bahalara esaslanýan ýörite görkezijä salgylanýarlar. (Ol 100 göterim görkeziji bilen başlangyç ugur hasaplanýar). Baha bermegiň esasy ölçeglerinde iýmit, öý kireýi, garbanyşhana hyzmatlarynyň bahasy, hem-de ilatyň satyn alyş ukyby göz öňünde tutulýar.
Ýanwar aýynyň başyna çenli ýagdaýa görä, sanawyň ilkinji üç ornuny Şweýsariýanyň Sýurih, Lozanna we Ženewa ýaly şäherleri eýeledi. Sanawyň ilkinji onlugynda bu ýurduň Bazel we Bern ýaly ýene-de iki şäheri goşuldy. ABŞ-nyň şäherleri ilkinji onlukda dört orna eýe boldular. Esasy üýtgeşiklik bolsa, Islandiýanyň paýtagty Reýkýawik boldy.
Şu ýyl dünýäniň iň gymmat şäherleriniň ilkinji onlugyna Sýurih (Şweýsariýa), Lozanna (Şweýsariýa), Ženewa (Şweýsariýa), Nýu-Ýork (ABŞ), Bazel (Şweýsariýa), Bern (Şweýsariýa), San-Fransisko (ABŞ), Gonolulu (Gawaýi, ABŞ), Reýkýawik (Islandiýa), Boston (ABŞ) ýaly şäherler girdi.
Sanaw dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşamak üçin şertli çykdajylary hasaplamaga mümkinçilik berýär we gymmat şäherleriň birine göçmegi ýa-da syýahat etmegi göz öňünde tutýanlara maliýe ýagdaýlaryny meýilleşdirmäge ýardam berýär.