21 ýyldan soň ýeňliş bilen başlady

50

Germaniýanyň çempionatynda gyşky arakesme tamamlanyp, täze tapgyr uly duşuşyk bilen başlandy. “Borussiýa Dortmund” soňky çempiony “Baýeri” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun gol bilen başlap, 25-nji sekuntda myhmanlar Natan Tellanyň goly esasynda öňe saýlandy. 8-nji minutda Patrik Şik hasaby 2-ä çykardy. 12-nji minutda Jeými Gittens aratapawudy 1 gola düşürse-de, 19-njy minutda Patrik Şik ýene bir gezek tapawutlanmagy başardy. Toparlar arakesmä lewerkuzenlileriň 3-1-lik öňdeligi bilen çykdylar. 2-nji ýarymda ýer eýeleriniň hasaby deňlemek üçin tagallasy ýeterlik bolmady. Oýnuň 79-njy minutynda VAR-yň görkezmesi boýunça ýer eýeleriniň peýdasyna penalti bellendi. Seru Girassi topy dürs derwezä ursa-da bu gol ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, täze ýyla “Borussiýa Dortmund” ýeňliş bilen başlady. Dortmundlylar şu möwsümde öz meýdançasynda ilkinji gezek utuldy. Galyberse-de, “Borussiýa Dortmund” her ýylyň ilkinji duşuşygynda 2004-nji ýyldan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

“Baýer” topary “Borussiýa Dortmundy” 4 oýundan soň ilkinji gezek ýeňmegi başardy.

“Bundesligada” şu gün agşam sanawyň lideri “Bawariýa” topary “Borussiýa M” toparynyň myhmany bolar (22:30)