Dag­la­ryň, ba­ýyr­la­ryň we deňizleriň üs­tün­den geç­ýän be­ýik­li-pes­li eg­rem-bug­ram ýol­lar dün­ýä­niň iň howp­ly aw­tou­lag ýol­la­ry ha­sap­lan­ýar. Uzak ýo­ly ýa­kyn­laş­dyr­mak, dag­lyk se­bit­de ýa­şa­ýan kä­bir ila­ta azyk ha­ryt­la­ry­ny da­şa­mak mak­sa­dy bi­len gur­lan «ýol­suz ýol­lar» ýi­ti öw­rüm­le­ri, da­ryş­gan­ly­gy we gap­da­lyn­da go­rag ger­mew­le­ri­niň ýok­du­gy se­bäp­li çyn­la­kaý tö­wek­gel­çi­lik dö­red­ýär. Ba­tyr­lyk we ugur­ta­py­jy­lyk ta­lap ed­ýän bu ýol­lar is­len­dik sü­rü­ji­ni al­jy­raň­ňy ýag­da­ýa sal­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň iň howp­ly aw­tou­lag ýol­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

«Stelvio Pass», Ita­li­ýa. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­den we kert ga­ýa­la­ryň ara­syn­dan geç­ýän bu ýol 2008-nji ýyl­da «Top Ge­ar» ta­ra­pyn­dan iň howp­ly ýol­la­ryň bi­ri hök­mün­de saý­lan­dy. 48 sa­ny ýi­ti öw­rümi bolan bu geçelgeden gidilende ýet­me­li men­zi­li­ňe aý­la­nyp-aý­la­nyp bar­ma­ly. Ýol­da gi­dip bar­ýar­kaň Alp dag­la­ry­nyň te­bi­ga­ty­ny syn­lap, tä­sin gö­zel­lik­ler­den lez­zet alyp bol­ýar.
Si­çu­an-Ti­bet ga­ra ýo­ly, Hy­taý. Hy­ta­ýyň Çeng­du şä­he­rin­de baş­lap, Ti­be­tiň Lha­sa şä­he­rin­de ta­mam­lan­ýan bu ýo­ly 15 gün­de ge­çip bol­ýar. «Du­zak ýo­lu­ny» geç­ýän sü­rü­ji­ler howp­ly pur­sat­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­lar. Ýo­lug­ry be­lent­lik­dä­ki ýol süýş­me­le­ri­ne we ga­ýa­lar­dan go­pup gaýd­an daş aky­my­na duş gel­mek bol­ýar.
At­lan­tik ýo­ly. «Gu­ar­di­an» ta­ra­pyn­dan 2006-njy ýyl­da «Dün­ýä­niň iň tä­sin ýo­ly» diý­lip saý­la­nan At­lan­tik ýo­lu­nyň ug­run­da Stor­seý­sun­net köp­rü­si hem ýer­leş­ýär. Ýo­ka­ry ga­la­nyň­dan soň, bir­den öw­rü­lip aşak in­ýän bu köp­ri Nor­weg deň­zi­niň üs­tün­de gur­lup­dyr. De­mir­ga­zyk ýo­ly hem di­ýil­ýän bu ýol­dan gi­dip bar­şy­ňa kö­çä ta­rap urun­ýan tol­kun­la­ra, tu­pan­ly ýel­le­re ga­bat gel­ýär­siň. Tej­ri­be­li sü­rü­ji­ler üçin ni­ýet­le­nen bu ýol te­bi­ga­ty syn­la­mak we dynç al­mak is­le­ýän­ler üçin hem aja­ýyp ýer­le­riň bi­ri­dir.
Zo­ji­la, Hin­dis­tan. Hin­dis­tan­da La­dakh bi­len Kaş­mi­ri bir­leş­dir­ýän bu ge­çel­ge howp­ly bo­lan­dy­gy üçin gyş aý­la­ryn­da ýa­pyl­ýar. Dar ýol­lar, dik eň­ňit­ler we dür­li päs­gel­çi­lik­ler sü­rü­ji­le­ri pi­kir­len­mä­ge mej­bur ed­ýär. Zo­ji­la ýo­lun­da ýol­dan çy­kan aw­to­bus­la­ra, çu­ku­ra dü­şen ulag­la­ra we öňü­ňi ke­sip geç­ýän pi­le duş gel­mek ada­ty ýag­daý ha­sap­lan­ýar.
Si­bi­r ýo­ly (Ýa­kutsk), Rus­si­ýa. Si­bi­riň için­den geç­ýän as­falt dü­şel­me­dik bu ýol her ýyl 10 aý­lap do­ňup dur­ma­gy bi­len meş­hur­dyr. Tom­su­na bu ýol pal­çyk­ly bo­lup, ulag­la­ry aşak çek­ýär. Bu ýol dün­ýä­niň iň so­wuk ýe­ri bo­lan Ýa­kuts­ka bar­ýan ýe­ke-täk aw­tou­lag ýo­lu­dyr. Bu ýol­dan ýö­re­mek is­le­ýän sü­rü­ji­ler köp­lenç ýa­ny bi­len ur­gan, bir-iki bo­gy sa­man we tag­ta bö­lek­le­ri­ni al­ýar­lar. Ula­gy ba­tan ha­la­tyn­da bu se­riş­de­ler­den peý­da­la­nyp, ýo­lu­ny do­wam ed­ýär­ler.
De­mir­ga­zyk Ýun­gas, Bo­li­wi­ýa. Ýer­li hal­kyň ara­syn­da «ölüm ýo­ly» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan De­mir­ga­zyk Ýun­gas ýo­lun­da her ýyl ýüz­ler­çe adam pi­da bol­ýar. Bir ula­gyň öl­çe­gi­ne ba­ra­bar giň­lik­dä­ki bu ýol go­rag ger­mew­çe­si bol­maz­dan, ýo­ka­ry be­lent­lik­den geç­ýär. Aşa­gy kert ga­ýa we ýo­kar­sy dik dag­lyk bo­lan bu ýol güýç­li ýa­gyş ýagmagy, du­manly bolmagy we daş süýş­me­si se­bäp­li howp­ly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ýa­kyn­da Bo­li­wi­ýa­da bu ýo­la al­ter­na­tiw tä­ze ýol guruldy.
Skip­pers kan­ýon, Tä­ze Ze­lan­di­ýa. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu ýol 140 ýyl ozal mag­dan­çy­lar ta­ra­pyn­dan el­de oýu­lyp gurlupdyr. Iň howp­ly daşly ýol­la­ryň bi­ri hök­mün­de gö­rül­ýän bu da­ryş­gan ýol ýi­ti öw­rüm­le­ri we be­ýik­de ýer­leş­me­gi bi­len sü­rü­ji­ler­ üçin howp­ly ýag­daý­la­ry dö­red­ýär.
«Fai­ry mea­diws», Pa­kis­tan. Pa­kis­ta­nyň Gil­git-Bal­tis­tan se­bi­tin­de dag­la­ryň kert ga­ýa­sy­nyň aşa­gyn­dan geç­ýän bu ýol dün­ýä­dä­ki iň howp­ly ýol­la­ryň bi­ri­dir. Be­ýik­den geç­ýän bu ýol dar bol­mak bi­len bir ha­tar­da, ýi­ti öw­rüm­le­ri we ger­mew­le­ri­niň ýok­du­gy se­bäp­li ga­ýa­dan gaç­mak how­pu­ny dö­red­ýär. Bu ýo­la gi­ren sü­rü­ji­ler tiz­li­gi pe­sel­dip, aw­tou­la­gy öte ünsli do­lan­dyr­ma­ly bol­ýar­lar.
Keý­long Kişt­war, Hin­dis­tan. Hin­dis­ta­nyň Hi­ma­çal Pra­deş şta­tyn­da ýer­leş­ýän bu ýol dik ga­ýa­la­ry we şe­mal­ly ho­wa­sy bi­len ta­nal­ýar. Ýa­gyş­ly gün­ler­de bu ýo­luň kä­bir bö­lek­le­ri süý­şüp, geç­mek kyn­laş­ýar. Keý­long Kişt­war Hin­dis­ta­nyň sü­rü­ji­le­ri­ni sy­nag­dan ge­çir­ýän ýol­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Baý­burt D915, Tür­ki­ýe. Baý­burt şä­he­rin­dä­ki D915 ýo­ly dün­ýä­niň iň howp­ly ýol­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şa­ha-şa­ha 29 ýi­ti öw­rüm­den yba­rat bu ýol go­rag ger­mew­çe­le­ri­niň ýok­du­gy hem-de pes­den be­ýi­ge ga­lyp gid­ýän­di­gi se­bäp­li sü­rü­ji­le­ri çyn­la­kaý howp as­ty­na sal­ýar. Gyş aý­la­ryn­da güýç­li gar tu­pa­ny we go­pan bö­lek­le­ri se­bäp­li bu ýo­luň kä­bir bö­le­gi wagt­la­ýyn ýa­pyl­ýar.