Bir atom galyňlygynda iki ölçegli magnit Berkli laboratoriýasynyň we Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Taryhda ilkinji gezek otag temperaturasynda ultrainçe we himiki taýdan durnukly magnit döredildi. Häzirki zaman 2D magnitleri işlemek üçin gaty pes temperaturany talap edýär. Alymlar grafen, sink we kobalt oksidine esaslanýan erginden “wan-der-waals” atly atly täze iki ölçegli magniti sintez etdiler. Şeýlelik bilen, adaty laboratoriýa peçinde birnäçe sagat bişirilende garyndy grafen gatlaklarynyň arasynda az mukdarda kobalt atomlary bilen birlikde sink oksidiniň bir atom gatlagyna öwrüldi. Bu inçe magnit hususan-da, magnit döwründe her bir atom bilen haýsy prosesleriň bolup geçýändigini anyklamaga mümkinçilik berer.