Yzly-yzyna 3 altyn medal gazanan ilkinji türgen

85

Olimpiýa oýunlarynyň ählisinde maksatnama bar bolan fehtowaniýa boýunça ýaryşlaryň sablýa görnüşinde erkekleriň arasynda wengriýaly Aron Silagi altyn medal gazandy. Bu onuň ýekeleýin sablýa ýaryşynda gazanan 3-nji Olimpiýa altyn medaly bolup, ol 2012-nji ýylda Londonda, 2016-njy ýylda Rioda münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. 31 ýaşyndaky Silagi sablýa görnüşinde 3 altyn medal alan ilkinji türgen diýlip hasaba alyndy. Bu altyn medal fehtowaniýanyň sablýa görnüşinde wengerleriň gazanan 13 altyn medaly boldy.

Erkekleriň arasyndaky sablýa görnüşiniň finalynda 4-nji gezek Olimpiada gatnaşan Silagiden asgyn gelen italiýaly Luiji Samele 2-nji, koreýaly Kim Žun-hwan 3-nji ýeri eýeledi.