Ertir 3 ýyldan bäri dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda ilat ýazuwy başlaýar. Ilat ýazuwy 1 ýyl töweregi dowam edip, oňa 3 milliondan gowrak adam gatnaşar. 1 milliard 400 milliondan gowrak ilaty bolan Günorta Aziýa ýurdunda ilat ýazuwy iki tapgyrda amala aşyrylar. Demografik çäräniň birinji tapgyry sentýabr aýyna çenli dowam eder. Bu döwürde ýaşaýyş jaýlary, jaýlaryň ýagdaýy we infrastruktura mümkinçilikleri hasaba alnar. Ilat ýazuwy üçin degişli işgärler ýaşaýjylaryň salgylaryna bararlar. Ýaşaýjylaryň özleri hem internet üsti bilen özleri barada maglumatlary girizerler. Munuň üçin ýörite döredilen mobil goşundy 16 dilde taýýarlandy.
Ilat ýazuwynyň ikinji tapgyrynda bolsa, demografik, sosial we ykdysady ýagdaýlar barada maglumat toplanar.
Gimalaý daglarynyň beýik gerişlerinde ýaşaýan ilat üçin ilat ýazuwy ýagyn möwsümi başlamazdan ozal, ýagny oktýabr aýynda ozal geçiriler.
Ýurtda mundan ozal soňky gezek 2011-nji ýylda geçirilipdi. Ilat ýazuwy 10 ýyldan bir gezek geçirilýär. 2021-nji ýylda bolsa, pandemiýa sebäpli geçirilmändi.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda Hytaýdan öňe geçip, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolupdy. Hindistanyň 1 milliard 420 million töweregi ilaty bar.