Go­laý­da Kam­bo­ja­da ag­ra­my 300 ki­log­ra­ma go­laý bo­lan, uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ba­lyk ta­pyl­dy. Me­kong der­ýa­syn­dan tu­tu­lan bu äpet ba­lyk de­giş­li öl­çeg­ler edi­lip, yzar­la­mak üçin en­jam da­ky­lan­dan soň­ra gaý­ta­dan der­ýa goý­be­ril­di. Alym­lar äpet orl­ýak­şe­kil­li ba­ly­gyň hä­zi­re çen­li anyk­la­nan süý­ji suw­da ýa­şa­ýan iň uly ba­lyk­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Mun­dan ozal 2005-nji ýyl­da Tai­land­da ag­ra­my 293 ki­log­ram bo­lan lak­ga ba­ly­gy tu­tu­lyp­dy.
Kam­bo­ja dün­ýä­de ba­ly­gyň iň köp ýa­şa­ýan ýur­tla­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Me­kong der­ýa­syn­da ba­lygyň müňden gowrak görnüşi bi­len bir ha­tar­da leň­ňeç­le­r, ýy­lan­la­r, pyş­ba­ga­la­r we gur­ba­ga­la­r hem ga­bat gel­ýär. Göz­ba­şy­ny Ti­bet pla­to­syn­dan alyp gaýd­ýan bu der­ýa Hy­taý, Mýan­ma, La­os, Tai­land, Kam­bo­ja we Wýet­nam döw­let­le­ri­niň üs­tün­den geç­ýär. Eý­sem, süý­ji suw­da ýa­şa­ýan baş­ga nä­hi­li ba­lyk­lar bar­ka?!
Der­ýa­lar­da, köl­ler­de we akar suw­lar­da ýa­şa­ýan ba­lyk­la­ra süý­ji suw­da ýa­şa­ýan ba­lyk­lar di­ýil­ýär. Bu­lar de­ňiz­dir um­man­lar­da­ky ba­lyk­lar­dan ta­pa­wut­ly bol­ýar. Der­ýa­da ýa­şa­ýan ba­ly­gy deň­ze goý­ber­seň ýa­şap bil­me­ýär. Se­bä­bi, deň­ziň su­wy aşa şor bo­lup, dü­zü­min­de köp muk­dar­da duz bol­ýar. De­ňiz­de ýa­şa­ýan ba­lyk bol­sa der­ýa­da ýa­şap bil­me­ýär. Ba­lyk­la­ryň kä­bir gör­nü­şi bol­sa süý­ji hem-de şor suw­da ýa­şap bil­ýär.

Akbalygyň birnäçe görnüşi bolýar.

Ak­ba­lyk. Balygyň bu gör­nü­şi Ha­zar we Ga­ra deň­ziň bas­seý­nin­de ga­bat gel­ýär. Bu ba­lyk­la­ryň sa­ny soň­ky ýyl­lar­da aza­lyp­dyr. Ola­ryň sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi üçin eme­li usul­da ös­dü­ri­lip, su­wa goý­be­ril­ýär. Öň­ki dö­wür­ler­dä­ki mag­lu­mat­lar­da ak­ba­ly­gyň uzyn­ly­gy­nyň 5 met­re, ag­ra­my 1,5 ton­na ýe­ten­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýyr­ty­jy ba­ly­gyň kä­bir gör­nü­şi süý­ji we şor su­wuň ga­ryş­ýan ýer­le­ri bo­lan dil­kaw­lar­da, ýag­ny der­ýa­la­ryň deň­ze guý­ýan ýer­le­rin­de hem ýa­şa­ýar. Kä­bir gör­nü­şi bol­sa di­ňe de­ňiz­de ýa­şa­ýar.

Lakganyň iň uly görnüşi Mekong derýasynda gabat gelýär.

Me­kong äpet lak­ga­sy. Lak­ga­nyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, ýyr­ty­jy ba­ly­gyň Me­kong der­ýa­syn­da ýa­şa­ýa­ny ola­ryň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Bu ba­lyk­lar uzak ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len hem bel­li­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, olar 60 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar. Me­kong lak­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 300 ki­log­ra­ma go­laý bol­ýar. Tai­land­da we La­os­da bu ba­ly­gyň tu­tul­ma­gy çäk­len­di­ril­ýär.

Apet ýyrtyjy balygyň burny krokodile meňzeýär.

Al­li­ga­tor ba­ly­gy. Iki ha­tar­ly diş­le­ri we kro­ko­di­liň­kä meň­zeş bur­ny bo­lan bu ýyr­ty­jy ba­lyk­lar süý­ji we şor suw­da ýa­şap bil­ýär­ler. Uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 160 ki­log­ra­ma go­laý bol­ýan bu jan­dar­lar De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky der­ýa­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Mis­si­si­pi der­ýa­sy­nyň aşa­ky aky­my­nyň bas­seý­nin­de ga­bat gel­ýän ba­lyk­lar 50 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar.

Arapaýmalar suwuň daşynda hem dem alyp bilýän seýrek balyklaryň biridir.

Ara­paý­ma. Ama­zon­ka der­ýa­syn­da ga­bat gel­ýän bu jan­dar­la­ryň uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 135 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bol­ýar. Bra­zi­li­ýa­da, Pe­ruw­da we Ga­ýa­na­da ga­bat gel­ýän bu tä­sin ba­lyk su­wuň da­şyn­da hem dem alyp bil­ýär. Olar su­wuň da­şyn­da 24 sa­ga­da çen­li ýa­şap bil­ýär­ler.

Deňiz jandaryna meňzeýän hem bolsa bu balyklar derýalarda suwuň düýbünde ýaşaýar

Orl­ýak­şe­kil­li äpet ba­lyk. Süý­ji suw­da ýa­şa­ýan we ba­lyk ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, onuň daş­ky şe­ki­li de­ňiz­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ra meň­ze­ýär. Süý­ji suw­da ýa­şa­ýan iň uly jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan te­ge­lek şe­kil­li bu ba­ly­gyň 1990-njy ýyl­lar­da alym­lar ta­ra­pyn­dan haý­sy to­pa­ra de­giş­li­di­gi kes­git­len­di. Bu ba­ly­gyň ag­ra­my 600 ki­log­ra­ma, uzyn­ly­gy 4,5 met­re çen­li bo­lup bil­ýär.