Mundan 123 ýyl öň şu gün, ýagny 1902-nji ýylyň 6-njy martynda Madrid şäherindäki futbol janköýerler topary tarapyndan Ispaniýanyň “Real Madrid” kluby esaslandyrylýar. Wagtyň geçmegi bilen diňe bir Ispaniýanyň däl, eýsem Ýewropanyň, hatda Dünýäniň iň uly klubuna öwrülen “Real Madrid” topary 1905-1908-nji ýyllar aralygynda Madridiň kubogyny 4 gezek gazanýar.
“La Ligada” 36 çempionlygy bolan “Real Madridiň” UEFA-nyň iň uly klub ýaryşynda-da 15 kubogy bar. Çempionlar Ligasy diýlende, ilkinji bolup ýada düşýän bu klubuň tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanmagynda 1912-1927-nji ýyllar aralygynda toparyň düzüminde oýnan Santiago Bernabeu de Ýesteniň paýy uludyr. Ol 1943-nji ýyldan 1978-nji ýyla çenli aralykda klubuň prezidenti bolýar (toparyň iň uzak wagtlap bu wezipeni ýerine ýetiren prezidenti). Häzirki wagtda toparyň stadiony Santiago Bernabeunyň adyny göterýär. Bernabeu 1953-nji ýylda kluba legionerleri hem düzüme goşup başlaýar. Toparyň ilkinji iň uly transferi Alfredo Di Stefono bolup, ol toparda uly başarnyklara ýetýär. 1956-1960-njy ýyllar aralygynda yzly-yzyna 5 gezek UEFA-nyň birinji derejeli klub ýaryşynda ýeňiji bolan “Real Madrid” 2000-nji ýyldan bäri-de, bu kubogy 8 gezek eýeleýär. Häzirki wagtda Florentino Peresiň ýolbaşçylyk edýän kluby 2000-nji ýylda FIFA tarapyndan 20-nji asyryň iň gowy futbol kluby diýlip saýlanýar.
Klubuň muzeýinde halkara ýaryşlarda gazanylan 106 kubogy, şol sanda sebitleýin bäsleşiklerde-de 27 kubogy bar.