Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda “Maha Kumbh Mela” festiwaly başlady. Festiwala gatnaşýan millionlarça adam däp boýunça Triweni Sangam derýasynda suwa düşer.
Festiwal ýurduň Uttar Pradeş ştatynyň demirgazygyndaky Allahabad şäherinde 12 ýyldan bir gezek geçirilýär. 45 gün dowam edýän şüweleň üçin şäherde taýýarlyk işleri edildi. Myhmanlaryň ýaşamaklary üçin 160 müňden gowrak çadyr guruldy. Şeýle hem uzynlygy 400 kilometre ýetýän wagtlaýyn ýollar açylyp, festiwalyň geçiriljek ýerinde mobil hassahanalar, ýangyn howpsuzlyk edaralary we beýleki gerekli infrastruktura guruldy.
Festiwal Triweni Sangam derýasynyň mukaddes hasaplanýan Ganga, Ýamuna we Saraswati derýalary bilen birleşýän ýerinde geçirilýär. Bu festiwal bir gezek nobatma-nobat Allahabad, Haridwar, Ujjain we Nashik şäherinde geçirilýär. Emma beýleki şäherlerden tapawutlylykda Allahabadda has dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Bu ýyl festiwalyň geçirilýän günlerinde Gün, Aý we Ýupiter bir hatara düzüler. Şol sebäpli onuň ähmiýeti has hem artýar.
2001-nji ýylda 60 million adam birwagtda Ganga derýasynda suwa düşmek üçin bu şähere ýygnanyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrypdy.