Hytaýyň CRRC kompaniýasy dünýäniň iň uly ýel turbinasyny gurandygyny mälim etdi. Önümçilik kuwwaty 20 MW bolan “Qihang” atly desganyň periniň diametri 260 metre barabar. Bu bolsa bir futbolmeýdançasynyňka barabar. Güýçli ýele garşy çydamly bolan desga ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Dunin ýel energiýa meýdanynda gurlan beket her ýylda onlarça tonna kömrüň ýakylmagynyň öňüni alar. Ýel bekediniň oky 151 metr belentlikde ýerleşýär.