Geljek ýylyň bahar paslynda Çehiýanyň aşaky Morawiýa sebitinde dünýäniň iň uzyn asma köprüsi ulanmaga berler. Onuň uzynlygy 721 metr bolar. Bu köpri ulanmaga berlenden soňra dünýäde iň uzyn köpri hökmünde hasaba alnyp, Portugaliýanyň Arouka seýilgähindäki 516 metrlik köpriniň rekordyny täzelär.
Köpri deňiz derejesinden 1125 metrlik belentlikde asylyp durar. Ol Slamnik dag gerşinden Mlynsk jülgesiniň üstünden geçip, Hlum dag gerşinde tamamlanar. Adamlar bu köprä urganly ýol bilen bararlar. Daglaryň depeleriniň arasynda asma köpri gurmak üçin ähli gurnamalary göterjek polat tanaplar çekilýär. Berkidiji tanaplara asma enjamlar gurlar we berkidiler. Gurnamalaryň umumy agramy azyndan 140 tonna bolar.
Merjen MERGENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.