«Global SWF» maglumat beriş kompaniýasy dünýäniň maýa goýum gaznalary barada maglumat taýýarlady. Bu ugurda ilkinji üç orny Hytaý, Norwegiýa we BAE eýeledi. Maglumata görä, Hytaýyň maýa goýum korporasiýasynyň 1,3 trillion dollarlyk gymmaty bar. Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasynyň 1,14 trillion, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Dabi gaznasynyň 993 milliard dollarlyk gymmatynyň bardygy bellenildi.
Maglumatda, geçen ýyl maýa goýum gaznalarynyň ilkinji gezek gymmatynyň azalandygy, pese gaçyşlygyň jemi 1 trillion dollar töweregidigi mälim edildi.
Maýa goýum gaznalary adatça gymmatly kagyzlary, gozgalmaýan we beýleki maýa goýum serişdelerine maýa goýmak arkaly girdeji gazanýarlar. Bu girdejiler ýurduň ýaşaýjylarynyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýar. Şeýlelikde, ýurtlar ykdysady durnuklylygy saklaýar.
Oguljahan NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.