Ýy­lyň do­wa­myn­da, esa­san hem, to­mus pas­lyn­da ho­wa ula­gyn­dan köp peý­da­la­nyl­ýar. Köp­ler uzak ýo­la iş sa­pa­ry­na, sy­ýa­ha­ta ýa-da ge­ze­len­je gi­den­de wagt gi­dir­mez­lik hem-de ýa­da­maz­lyk üçin uça­ra pe­tek ala­ny­ny kem gör­me­ýär. Dün­ýä­de 40 müň­den gow­rak ho­wa men­zi­li bo­lup, Ýer to­ga­la­gyn­da her gün 130 mü­ňe çen­li uçuş ama­la aşy­ryl­ýar. Bu san­la­ra se­re­de­ni­miz­de hem ho­wa ula­gy­nyň iş­jeň­li­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa men­zil­le­rin­de müş­de­ri­ler üçin döw­re­bap hyz­mat­lar ýo­la go­ýul­ýar. Ho­wa men­zil­le­ri­ne di­ňe bir ug­ra bar­ýan ýo­lag­çy­lar däl, eý­sem, uzak ara­ly­ga bar­ýan, bir uçar­dan dü­şüp, beý­le­ki­si­ne mün­ýän ýo­lag­çy­lar hem bar­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da ho­wa men­zi­lin­de uzak wagt ge­çir­ýän ýo­lag­çy­lar üçin edil myh­man­ha­na­lar­da­ky ýa­ly dür­li hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär. Dünýäniň iň kaşaň we işjeň howa menzilleriniň esasy bölegi Aziýada we Ýakyn Gündogarda ýerleşýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sanyn­da dün­ýä­dä­ki öň­de­ba­ry­jy we özü­ne çe­ki­ji ho­wa men­zil­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Du­ba­ýyň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, BAE. Dün­ýä­niň iň iri sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan Du­ba­ýyň hal­ka­ra ae­ro­por­ty iň köp ýo­lag­çy­ly ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri­dir. Giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ho­wa men­zili sal­gyt­syz dü­kan­la­ry­nyň (Du­ty Free) köp bol­ma­gy bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Ho­wa men­zi­li bi­na­da­ky ge­ze­lenç we yl­gaw ýo­da­la­ry, VIP sa­lon­la­ry, gar­ba­nyş­ha­na­la­ry bi­len dün­ýä­niň iň meş­hur ae­ro­port­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýär.
Çan­gi ae­ro­por­ty, Sin­ga­pur. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň iň uly ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri bo­lup, tö­leg­siz Wi-Fi bi­len bir ha­tar­da myh­man­la­ry 600-den gow­rak in­ter­net­li komp­ýu­ter bi­len üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de söw­da mer­kez­le­ri, ki­no­teatr­lar, bam­buk to­ka­ýy, or­hi­de­ýa ba­gy, şag­la­wuk, ke­be­lek ba­gy bar. Eger-de üs­ta­şyr ug­ra bar­ýan ýo­lag­çy­lar 5 sa­gat­dan köp ga­raş­ma­ly bol­sa­lar, Sin­ga­pu­ra tö­leg­siz ge­ze­lenç hem gu­ral­ýar.
Ha­mad hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Ka­tar. Hä­zir­ki za­man bi­na­gär­li­gi we döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ho­wa men­zi­lin­de ýo­lag­çy­la­ra sun­gat eser­le­ri­niň ser­gi­si bi­len bir ha­tar­da, dynç alyş otag­la­ry hem hö­dür­len­ýär. Paý­tagt şä­her Do­ha­nyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän bu ae­ro­port Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň iň iş­jeň ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri­dir. 2014-nji ýyl­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len bu ho­wa men­zi­lin­de 5 bö­lü­me bö­lü­nen 1 ter­mi­nal bar. Ha­mad hal­ka­ra ae­ro­por­ty her ýyl 52 mil­li­on ýo­lag­çy­ny dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­ri­ne ug­rad­ýar.
Kua­la-Lum­pur hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Ma­laý­zi­ýa. Ýur­duň paý­tag­ty Kua­la Lum­pur­dan 45 ki­lo­metr uzak­da­ky Se­pang şäher­çe­si­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän ae­ro­port gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň iň «işeň­ňir» ho­wa men­zil­le­ri­niň bi­ri­dir. Döw­re­bäp bi­na­gär­li­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ho­wa men­zi­li iki bö­lüm­den yba­rat bo­lup, için­de ki­çi­räk şag­la­wuk we guş­la­ryň saý­raş­ýan ba­gy bar. Giň ae­ro­por­tyň des­ga­la­ry­nyň ara­syn­da ot­ly gat­na­wy hem he­re­ket ed­ýär.
Pe­ki­niň hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Hy­taý. Bu ae­ro­port her ýyl­da 78 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär. Iň­lis bi­na­gä­ri Nor­man Fos­ter ta­ra­pyn­dan tas­la­ma­sy iş­le­nip dü­zü­len ho­wa men­zi­li owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gi­rel­ge­sin­dä­ki iki až­dar­ha­nyň şe­ki­li di­ňe ae­ro­por­tyň däl, eý­sem, şä­he­riň hem sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar. Bu ho­wa men­zi­lin­de dynç al­mak üçin otag­lar we su­şi res­to­ran­la­ry bar.
Gon­kong hal­ka­ra ae­ro­por­ty, Gon­kong. Şä­he­riň ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy­la­ryň ösen is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gy üçin 1998-nji ýyl­da onuň tä­ze bi­na­sy açyl­dy. Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li her ýyl­da 60 mil­li­on­dan gow­rak ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýär. Bu ýer­de beý­le­ki ae­ro­port­lar­da­ky hyz­mat­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da golf meý­dan­ça­sy, ki­no­teatr we tö­leg­siz «plays­ta­ti­on» oý­ny hö­dür­len­ýär.
Hit­rou ae­ro­por­ty, Ang­li­ýa. Her ýyl­da 75 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat ed­ýän ho­wa men­zi­li, esa­san, Ýew­ra­zi­ýa­dan Ame­ri­ka bar­mak is­le­ýän ýo­lag­çy­la­ryň soň­ky du­ral­ga­sy ha­sap­lan­ýar. Şä­her mer­ke­zin­den 24 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýän ae­ro­port yk­ly­ma­ra uçuş­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan esa­sy ae­ro­port­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ae­ro­por­tyň 5 ter­mi­na­ly­nyň ara­syn­da özi äkid­ýän ýö­re­ýiş ýo­da­la­ry bar.