Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sargydy esasynda işlenip düzülen “Duralga” programmasynyň hyzmat ediş çägi has-da giňeldildi. Indi bu täze döwrebap ulgam arkaly diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň çägindäki şäheriçi awtobus gatnawlaryny hem onlaýn yzarlamak mümkinçiligi elýeterli boldy.
Şäherleriň we syýahatçylyk zolagynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary özleri üçin gerek bolan awtobusyň nirededigini islendik wagtda bilip bilerler we onuň belli bir duralga geljek wagtyny takyk hasaplap bilerler.
Bu döwrebap hyzmat öýüňizden, iş ýeriňizden ýa-da myhmanhanadan çykanyňyzda iň ýakyn duralga gitmek üçin amatly bolan wagty dogry kesgitlemäge we köçede awtobusa garaşyp sarp edilýän wagtyňyzy tygşytlamaga şert döredýär.
“Duralga” mobil goşundysyny Google Play we App Store dükanlaryndan aňsatlyk bilen ýükläp alyp bilersiňiz.
Çeşme: awtoulag.gov.tm
PDF









