Täsin miwe
Ýakymsyz ysy bilen tapawutlanýan daşy tikenli we ägirt uly tropik miweleriň biri hem duriandyr. Ata Watany Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanýan bu miwe malaý dilindäki «duri» sözünden gelip çykyp, «tiken» diýmegi aňladýar. Ajymtyk tagamy bolan bu miwäni ýakymsyz ýiti ysy sebäpli jemgyýetçilik ulaglarynda we myhmanhanalarda iýmek gadagan edilýär. Malaýziýada, Tailandda, Wýetnamda, Hindistanda we Indoneziýada ösdürilip ýetişdirilýän durian miwesi C, B witaminleriniň, kaliý, magniý we demir ýaly peýdaly minerallaryň çeşmesi hasaplanýar. Aziýada «Miweleriň şasy» ady bilen tanalýan bu miwäniň ululygy 30 santimetre barabar bolup, agramy 8 kilograma ýetýär. Jekfruta meňzeş bu miwäniň daşy piramida meňzeş tikenler bilen düzülip, iýilýän bölegi ak özen bilen bölünen 5 bölekden ybarat. Miwäniň iýilýän bölegi sarymtyl-gyzyl reňkde bolup, edil pyrtykal ýaly arassalanyp iýilýär.
Durian hemişe gök öwüsýän agaçda bitýär. Miwesi bilen atdaş agajyň şahasy seýrek bolup, uly ak we gyzyl gülleri bolýar. Adatça, bu agajyň gülleri gijesine açylýar we arylar tarapyndan tozanlandyrylýar. Miwesi göni baldagynda bitýän bu ösümligiň boýy 25-30 metre ýetýär. Gurakçylyga çydamly durian agajy çägesöw toprakda bitýär. 100 ýyla çenli ýaşaýan bu agaç 4-6 ýyldan soň miwe berip başlaýar. Agaç näçe garradygyça, miwesi hem şonça köpelýär. Durianyň ullakan miweleri bişenden soň, gabygy ýarylyp ýere gaçyp başlaýar.
Nädip iýmeli?
Durianyň gowy bişenini saýlamak üçin içine kakyp görmeli. Içi boş ýaly eşidilýän bolsa, bu iýmäge ýaramlysy hasaplanýar. Ýiti ysly miwäni daşarda kesmek we derrew iýmek maslahat berilýär. Dünýäniň ekzotik miweleriniň arasynda birinji orunda durýan durian terligine iýilmek bilen bir hatarda, guradylan, gaplanan we jem görnüşinde eksport edilýär. Miwäniň gabygy balygy tüssede kakatmak üçin peýdalanylýar. Miwäniň düzüminde kükürt (aminokislotalar we fermentler) saklanýandygy sebäpli, porsy ysly duýulýar. Tailandda her ýylyň maý-iýun aýlarynda bu miwäniň ýetişmegi bilen baglanyşykly Durian festiwaly geçirilýär. Dünýäde her ýyl 3 million tonna durian hasyly alynýar. Porsy miwäni eksport etmekde Malaýziýa, Tailand we Indoneziýa öňdeligi eýeleýär.
PDF









