Dünýäde soňky ýyllarda ýeňil we ýük ulaglarynyň, traktorlaryň, uçardyr gämileriň dürli görnüşleri işlenip düzülýär. Adamlaryň islegleriniň ýokarlanmagy, senagat önümçiliginiň ösmegi we dag-magdan känlerinde işleriň köpelmegi bilen has kuwwatly tehnikalara zerurlyk duýulýar. Häzirki wagtda dünýäde göz öňüne getirişimizden hem has çalt gidýän ýeňil ulaglar, ýük göterijiligi aşa kuwwatly bolan ýük ulaglary, ýolsuz ýerlerde we dag eteklerinde dürli işleri ýerine ýetirýän güýçli tehnikalar bar. Gazetimiziň şu sanynda dürli pudaklarda ulanylýan kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Dünýädäki iň uly ekskawator
«Bagger 293» dünýädäki iň uly gury ýer ulagy hasaplanýar. Germaniýada magdan gazmakda ulanylýan bu zynjyrly tehnikanyň agramy 14 müň 200 tonna barabar. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen äpet ulagyň uzynlygy 225 metre, beýikligi
96 metre ýetýär. «Bagger 293» ulagynyň işlenilip düzülmeginiň esasy maksady açyk känleri çalt özleşdirmek we az wagtda köp mukdarda kömür gazyp almak bolup durýar. Elektrik çeşmesi bilen işleýän bu tehnika bir günde 240 müň kub metre çenli dag-magdan gazyp çykarýar. Öňünde äpet çarhy bolan we birnäçe krandan düzülen «Bagger 293» 1995-nji ýylda Germaniýanyň
TAKRAF kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Gazyp alan kömrüni aýlanýan lenta bilen ugradyp, ýük ulagynyň üstünden guýýan äpet tehnika häzirki wagtda hem lignit (goňur daşkömür) gazyp almakda peýdalanylýar. «Bagger 293»-den öň dünýädäki iň uly tehnika «Bagger 288» hasaplanýardy.
1978-nji ýylda gurnalan bu ekskawatoryň uzynlygy 220 metre, beýikligi 96 metre, agramy 13 müň 500 tonna ýetýär.
Dag magdanlaryny daşaýan iň uly ýük ulagy
Ýerden gazylyp alynýan magdan känlerini daşamakda, ýükleri degişli ýere ugratmakda we ýolsuz ýerlerde gatnawy amala aşyrmakda ýük ulaglarynyň ähmiýeti örän uludyr. Dag-magdan işini wagtynda ýerine ýetirmek üçin bolsa, aşa kuwwatly ulaga zerurlyk duýulýar. Dag-magdan ulgamynda peýdalanmak üçin işlenip düzülen «Belaz 75710» dünýäniň iň uly ýük ulagy hasaplanýar. Äpet ulagy göreniňde onuň hakykydygyna birbada ynanmak hem kyn. 2013-nji ýylda magdan känlerini aşa köp daşamak maksady bilen Belarusuň «BELAZ-HOLDING» kompaniýasy «Belaz 75710» ýük ulagyny işläp düzýär. Ýük ulagynyň agramy 360 tonna barabar bolup, uzynlygy 20,6 metre ýetýär. Beýikligi 8,16 metre, ini 9,87 metre ýetýän äpet ýük ulagynyň 8 sany uly tigiri bar. «Belaz 75710» 496 tonna ýüki göterip bilýär. Bu äpet ulaga iki sany 16 silindrli turbo görnüşli dizel hereketlendirijisi oturdylypdyr. Ýük ulagy 100 kilometr ýol geçmek üçin 1300 litr ýangyç sarp edýär. Äpet ulagyň sagatdaky tizligi 64 kilometre deň.
Daga dyrmaşýan ekskawator
Köpler ekskawatory tigirli ýa-da zynjyrly görnüşde göz öňüne getirip, diňe tekiz ýerden ýöräp bilýär diýip pikir edýärler. Emma köwüşli tehnikanyň daga dyrmaşýan görnüşi hem bar. Käbir ýerde dagyň dik eňňitlerinde ýa-da tokaýdyr derýanyň kert kenarynda dürli tehniki işleri ýerine ýetirmeli bolýar. Şolar ýaly ýagdaýda bolsa möýe meňzeş ekskawator peýdalanylýar. Daga dyrmaşýan traktorlary Şweýsariýanyň «Menzi Muck» we Lihtenşteýniň «Kaiser AG» ýaly kompaniýalary işläp çykarýarlar. Häzirki wagtda ýer gazýan traktoryň «spider excavator» (möý traktor) diýlip atlandyrylýan «Menzi Muck» we «S12 Allroad» ýaly modelleri bar. Traktoryň bu görnüşiniň kyn tebigy şertlerde işlemegine mümkinçilik berýän birnäçe gidrawlik aýagy we kabeller ulgamy bar. Dyrmaşýan traktorlar köp ýurtda akabalary arassalamak, geçelgelere inen daşy aýyrmak we beýikde ýerleşýän tokaýlarda gazuw işlerini geçirmek üçin ulanylýar. Ekskawatoryň bu görnüşi aýaklarynyň arasyny açyp, aýaklaryny galdyryp, aýaklaryny uzaldyp ýa-da kiçeldip bilýär.
Ýolsuz ýerden ýöreýän syýahatçylyk ulagy
Soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagy iň esasy we girdejili ugurlaryň hatarynda öňdeligi eýeleýär. Syýahatçylary talabalaýyk dynç almagy üçin bolsa ähli şertler bilen üpjün etmeli bolýar. ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Liga Siti şäherinde syýahatçylar üçin niýetlenen täze tehnika işlenip düzüldi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu ulaga «Critter Gitters» diýilýär. «High Tech Rednecks» kompaniýasy tarapyndan öndürilen bu ulagyň esasy aýratynlygy islendik ýerde (dagda, çölde, batgalykda, buzlukda) sürüp bolýanlygydyr. Syýahatçylary tokaýda we açyk meýdanda aýlamak hem-de äpet jandarlary ýakyndan synlamak maksady bilen işlenip düzülen bu ulagyň gurluşy ýönekeý bolup, öň tarapynda açyk uzyn oturgyç bar. Kabinasy kiçiräk awtobusa meňzeýän ulagda syýahatçylar üçin niýetlenen birnäçe oturgyç bar. Ýokarsy bassyrma meňzedilip ýasalan ulag suwuň içinden hem arkaýyn geçip gidýär. Ulagyň beýikligi 3,5 metre, uzynlygy 4,2 metre deň. Ulagda janly-jandarlara zeper ýetirmezlik maksady bilen maşynyň golaýyna gelen jandarlary anyklamak üçin sesli datçikler hem ornaşdyrylypdyr.
PDF









