Angliýanyň çempionatynda öňdebaryjy 4 topar 18-nji tapgyrda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Sanawyň lideri “Arsenal” Londondan Braýtony” Edegoryň, şol sanda Rütteriň awtogoly bilen 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. “Arsenala” soňky oýunlarda 4-nji gezek awtogolyň kömegi degdi.

Şol hasap bilen “Mançester Siti” hem myhmançylykda “Nottingam Foresti” ýeňip, oýunda şäherlileriň gollaryny Reýnders bilen Şerki öz atlaryna ýazdyrdylar.

Londonda oýnalan duşuşykda “Aston Willa” topary ýerli “Çelsini” 2-1 hasabynda ýeňip, 111 ýyldan soň bassyr 11 duşuşykda ýeňiş gazandy. Çempionatda 8 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýän birmingemlileriň gollarynyň ikisini hem oýna soň giren Olie Watkins derwezä girizdi. Duşuşykda öňe saýlanan “Çelsiniň” goluny Žoao Pedro öz adyna ýazdyrdy.

Soňky çempion “Liwerpul” hem iň aşaky orunda barýan we entek ýeňşi bolmadyk “Wulwerhemptony” Grawenber bilen täze transfer Wirtsiň gollary esasynda 2-1 hasabynda utdy. Wirts “Liwerpulyň” düzüminde ilkinji gezek tapawutlandy.

“Mançester Ýunaýted” topary öz meýdançasynda “Nýukasly” 1-0 hasabynda ýeňip, duşuşykdaky ýeke-täk goly 24-nji minutda Dorgu geçirdi.

“Brentfordyň” öz meýdançasynda “Bornmuty” 4-1 hasap bilen ýeňen oýnunda ýer eýeleriniň gollarynyň 3-sini Kewin Şade derwezä girizdi.

London derbilerinde myhmançylykda oýnan toparlar iň kiçi hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, “Fulham” “West Hamy”, “Tottenham” “Kristal Palasy” degişlilikde, Himenesiň hem-de Greýiň gollary esasynda utdy.

 

Mançester Ýunaýted- Nýukasl: 1-0 (Dorgu 24),

Nottingam Forest – Mançester Siti: 1-2 (Hatçinson 54 – Reýnders 48, Şerki 83),

Arsenal – Braýton: 2-1 (Edegor 14, Rütter 52 ö.d. – Gomes 64),

Börnli – Ewerton: 0-0,

Brentford – Bornmut: 4-1 (Kewin Şade 7, 51, 90+6, Petrowiç 39 ö.d. – Semenýo 75),

West Ham – Fulham: 0-1 (Himenes 85),

Liwerpul – Wulwerhempton: 2-1 (Grawenberh 41, Wirts 42 – Bueno 51),

Çelsi – Aston Willa: 1-2 (Žoao Pedro 37 – Wotkins 63, 84),

Sanderland – Lids: 1-1 (Adingra 28 – Kalwert-Lýuwin 47),

Kristal Palas – Tottenham: 0-1 (Greý 42)