Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Döredijilik bäsleşigine 18–35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Häzirki wagtda bu bäsleşigiň etrap tapgyrlary geçirilýär.
Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar aýratyn orny eýeleýär. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar konsertlere gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.
Dana AMANMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.