Nor­we­gi­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň bi­ler­men­le­ri 1200-nji ýyl­lar­da taý­ýar­la­nan ki­ta­byň ýur­duň iň kö­ne ki­ta­by bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ki­ta­byň jil­di­niň düw­le­niň tüý­li de­ri­sin­den ýa­sa­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ki­tap la­tyn di­lin­de ýa­zy­lyp­dyr. Ese­riň bir­nä­çe sa­hy­pa­sy ýi­tip­dir.
Ki­tap­ha­na­nyň bi­ler­men­le­ri­niň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, gol­ýaz­ma ki­ta­byň ýaz­gy­la­ry­nyň bir­meň­zeş bol­maz­ly­gy we ýö­ne­keý bol­ma­gy ýer­li se­net­çi­niň ýa­san­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Şol dö­wür­ler Skan­di­na­wi­ýa­da ki­tap­lar seý­rek ýag­daý­da düw­le­niň de­ri­si bi­len jilt­le­nip­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, Da­ni­ýa, Şot­lan­di­ýa, Gren­lan­di­ýa we Is­lan­di­ýa ýa­ly ke­nar­ýa­ka ýurt­lar­da ada­ty düw­len (Phoca vitu­li­na), gren­land düw­le­ni (Pa­gop­hi­lus groen­lan­dicus) we gar­sa­ga­ýak düw­le­ni (Erig­nat­hus bar­ba­tus) ýa­ly de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň de­ri­si ki­ta­byň jil­di­ni ýa­sa­mak üçin ula­ny­lyp­dyr.

Jemile Pirjikowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.