Bedenimizdäki käbir alamatlar saglyk bilen bagly köp zady aýdyp biler. Esasan hem, aýadaky we dyrnakdaky käbir üýtgeşmelere has ünsli çemeleşmeli. Amerikaly dermatologlar dyrnakda ýüze çykýan alamatlar bilen bagly barlaglar geçirip, şeýle netijä gelendiklerini belleýärler.
Sary dyrnaklar. Dyrnagyň saralmagy ýaş bilen baglanyşykly ýagdaýda ýüze çykýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, dowamly çilim çekmek dyrnaklaryň saralmagyna ýa-da dyrnakda sary tegmilleriň döremegine getirip bilýär. Sary dyrnak köplenç dem alyş ýollaryndaky käbir keseller we el-aýaklaryň çişmegi netijesinde emele gelýär.
Gury we döwlen dyrnaklar. Dyrnagyň guramagyna we döwülmegine yzygiderli ýüzmek, dyrnaga çalynýan serişdeleri çendenaşa köp ulanmak, eliňi ýygy-ýygydan ýuwmak ýa-da çyglylygy pes ýaşaýyş gurşawy sebäp bolup biler. Şeýle-de bolsa guran dyrnaklar käte saglyk bilen bagly ýagdaýlary hem görkezip bilýär.
Ak tegmiller. Käwagt dyrnakda ak tegmiller peýda bolýar. Adatça ak tegmiller kän üns berilýän zat däl. Amerikaly dermatologlaryň neşir eden makalasyna görä, ak tegmiller «leýkonihiýa» diýlip atlandyrylýar. Köp adam dyrnakdaky ak tegmillere kalsiý ýetmezçiligi diýip düşünýär. Ýöne bu kalsiý bilen bagly ýagdaý bolman, bagyr we böwrek ýetmezçiliginiň käbir alamatlary bolup biler.
Dik we kese çyzyklar. Käbir adamyň dyrnagynda dik we kese çyzyklar emele gelýär. Dyrnakdaky bu çyzyklar garrylyk alamatlary bilen birlikde ýüze çykýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, dik we kese çyzyklar agyr keselleri geçiren adamlarda döreýär. Bu ýagdaý saç düşme alamatlary bilen bagly bolup biler.
Güberçek dyrnaklar. Dyrnagyň pökgerip çemçe ýaly ösmegi dyrnagyň töweregindäki şikeslenmeler ýa-da deri keselleri bilen bagly ýüze çykýar. Şeýle dyrnaklar köplenç demir ýetmezçiliginiň ganazlyk alamaty hökmünde kesgitlenýär.
Dyrnagyňy dişlemek endikmi ýa-da ýetmezçilik?
Dermatologlaryň bellemegine görä, dyrnagyňy dişlemek adaty bir endik bolup, köplenç stres sebäpli ýüze çykýar. Dyrnaklaryň töweregindäki derini ýa-da dyrnagy dişlemek dowamly bolsa, onda lukmana ýüz tutmaly. Çünki bu ýagdaý uzaga çekse, nerw ulgamy bilen bagly dürli bozulmalary güýçlendirip biler.