Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdeleri aýap saklamaga, ýerden, suwdan ýerlikli peýdalanmaga üns berilýär. Häzirki wagtda ekologiýany arassa saklamaga bütin dünýäde esasy meseleleriň biridir. Ilatyň sanynyň artmagy, ekerançylyk ýerleriniň meýdanynyň azalmagy, howanyň ählumumy maýlamagy ýaly meseleler daşky gurşawa has aýawly çemeleşmegi talap edýär.
Bir ekoulgamdaky janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen arasyndaky deňagramlylyga ekologik deňagramlylyk diýilýär. Bu deňagramlylyk tebigy ýaşaýşyň dowam etdirilmegini üpjün edip, ekoulgamyň sagdyn işlemegine mümkinçilik berýär. Ekoulgam janly-jandarlaryň, ösümlikleriň, mikroorganizmleriň howa, suw we toprak bilen arasyndaky täsirleşmeden emele gelýär. Olaryň arasyndaky täsirleşme bozulan ýagdaýynda biodürlüligiň azalmagyna we tebigy heläkçiliklere sebäp bolup bilýär. Bu deňagramlylygy saklamak üçin ekoulgamdaky ähli zat biri-biri bilen sazlaşykly işlemelidir. Ekoulgamyň sazlaşykly bolmagy diňe gurşaw üçin däl, eýsem adam saglygy, oba hojalygy we maldarçylyk ýaly pudaklar hem üçin ähmiýetlidir.
Dünýäde daşky gurşawyň aýawly saklanmagy üçin dürli öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Çig mal serişdeleriniň has aýawly sarp edilmegini, zyňyndylaryň gaýtadan peýdalanylmagyny, suw tygşytlaýjy ulgamlaryň döredilmegini, lagym suwunyň arassalanyp, gaýtadan peýdalanylmagyny muňa mysal edip bolar.
Ekologiýa abadançylygy biziň geljegimiz üçin ähmiýetlidir.
Aýbölek Perdäýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.