Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dürli ugurlarda uly özgertmeler amala aşyrylýar, uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudakaryna düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Hususy önüm öndürijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanyp, ýerli çig maldan taýýarlanýan ýokary hilli harytlaryň önümçiligi we görnüşi artýar. Halkara bazarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen bäsleşmäge ukyply bolan bu harytlar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýar. Dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli harytlaryň eksporty ýylsaýyn ýokarlanýar.
Ýerli önümçiligi höweslendirmek arkaly daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmeginde maliýe edaralarynyň hem goşandy uludyr. Önümçiligiň we hödürlenýän hyzmatlaryň dürli pudaklarda sazlaşykly alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Her bir ýurtda eksporty höweslendirmegiň özbaşdak hereket edýän ulgamynda maliýe-karz gurallaryna iň wajyp orunlar degişli bolup durýar. Bu gurallaryň kömegi bilen döwlet eksport işini amala aşyrýan kärhanalaryň harytlary ýa-da hyzmatlary daşary ýurtlara ýerlemek bilen baglanyşykly döreýän töwekgelçilikleriň we ýitgileriň öwezini dolmagy öz üstüne alýar. Netijede, kärhanalaryň harytlary daşary ýurtlara eksport etmek boýunça gyzyklanmalary artýar.
Maliýe-karz gurallarynyň esasy görnüşleri bolan eksport edijilere karz bermekligi, olaryň geçirýän karz amallarynyň ätiýaçlandyrylmagyny, şeýle hem berilýän karzlara döwlet kepillikleriniň berilmegi hususy telekeçileri we kärhanalary ýokary hilli we has köp önüm öndürmäge höweslendirýär, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.
Dünýä bazaryndaky bäsleşigiň ýitileşmegi önüm öndürijileriň ösen tehnologiýadan we innowasiýadan peýdalanmaklaryna itergi berýär.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda telekeçilik işini höweslendirmek arkaly ykdysady ösüşi we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara gol çekmegi dürli ugurlarda iş alyp barýan telekeçilerimize giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi, edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.
Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirýän, bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ymam NAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallym-öwrenijisi.